Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi” atly halkara maslahat açyldy. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi we Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Halkara maslahat Türkmenistanda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Italiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ukrainadan, Belarusdan, Eýrandan, Hindistandan, Owganystandan, Ermenistandan, Moldowadan, Rumyniýadan, Latwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden parlamentleriň baştutanlaryny we wekillerini, görnükli alym – syýasatşynaslary, jemgyýetçilik we syýasy işgärleri ýygnady.
Maslahatyň açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlag okaldy. Döwlet Baştutanynyň öz gutlagynda belleýşi ýaly, erkana, parahatçylyk söýüji, parasatly türkmen halky Garaşsyz döwlete eýe bolup, öz taryhy ösüşiniň özboluşly ýoluny saýlap almak bilen, gysga döwürde dünýä özüni tanatdy. “Türkmen halkynyň häzirki gazanýan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri öz gözbaşyny taryhda beýik döwletleri gurup, şan-şöhraty yklymlara ýaýran ata-babalarymyzyň hem-de akyldar şahyrymz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet barada bize miras goýan ölmez-ýitmez taglymlaryny özüne siňdiren Esasy Kanunymyzdan—Konstitusiýamyzdan alyp gaýdýar” diýip, milli Liderimiz öz gutlagynda belläp, maslahata gatnaşyjylara üstünlikli işlemegi arzuw etdi.
Soňra maslahatyň umumy mejlisi geçirilip, onuň barşynda çykyşlaryň we habarlaryň birnäçesi diňenildi, olar demokratik hukuk döwletini ösdürmegiň ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesine we häzirki üstünliklerine bagyşlandy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 20 ýyl mundan öň tutuş halkyň umumy erk-isleginiň beýany bolmak bilen, Türkmenistanyň Esasy Kanuny diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň demokratik ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Garaşsyz Türkmenistanyň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa türkmen halkynyň agzybirlik, demokratiýa , ynsanperwerlik, watansöýüjilik we adalatlylyk hakynda köpasyrlyk arzuwlaryny beýan edýär.
Öz taryhy ösüşiniň häzirki döwründe türkmen halky geçmişiň we şu günüň mizemez arabaglanyşygyna akyl ýetirip we saýlap alan ýoly bilen röwşen geljege tarap okgunly gadam urup, dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbalçözüji başlangyçlary öňe sürýär we durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşýär. Türkmenistan bu gün durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan uly üstünliklerine buýsanmaga haklydyr, olar döwletiň oýlanyşykly ýöredýän içeri we daşary syýasatyny halkyň goldamagy, onuň jemgyýeti hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge işjeň gatnaşmagy netijesinde gazanyldy.
20 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny öz esasy düzgünlerini saklamak bilen birlikde, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän çeýe hukuk guraly bolup durýar. Mysal üçin, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi. Ol türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşini häsiýetlendirýän taryhy ähmiýetli işleriň mynasyp kanunçylyk beýanyna öwrüldi. Özünde döwlet gurluşynyň iň gowy türkmen we dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny jemläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy bazar ykdysadyýetini we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün edýän durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemledi.
Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň binýatlyk Kanuny çalt depginlerde ösýän döwletiň esaslaryny berkitmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýär, adamy baş gymmatlygy saýyp, onuň abadan durmuşy üçin şertleri döredýär we ygtybarly kepillikleri berýär.
Ertir halkara maslahaty öz işini bölümler boýunça mejlisleriň çäklerinde dowam eder, olaryň barşynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň aýratynlyklary, sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň daýanjy bolan türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty hakynda pikir alşylar.