Şu gün Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň topary türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyraga we Döwletmämmet Azada bagyşlanan dabara gatnaşmak, şeýle hem olaryň aramgählerine zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna geldi.
Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda geçirilen dabara Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we musulmançylyk ugry boýunça ministri jenap Seýed Mohammad Hoseýni, Gülüstan welaýatynyň häkimi jenap Jewad Kanagat, Eýran Yslam Respublikasynyň beýleki resmi adamlary, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Eýranyň döredijilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdy.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň baştutanlarynyň - Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mahmud Ahmadinežadyň bilelikdäki tagallalary netijesinde soňky ýyllarda sazlaşykly ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklarynda medeni-gumanitar ugurdaky türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hem işjeňleşdirilmegine uly üns berilýändigini bellediler. Iki ýurduň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, Türkmenistanda we Eýranda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, sergilere, döredijilik forumlaryna, festiwallara, duşuşyklara gatnaşmak oňat däbe öwrüldi.
Çykyş edenler Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň bellenilmegi barada aýdyp, Eýranda diňe bir türkmen halkynyň däl-de, dünýäniň beýleki halklarynyň hem ruhy dünýäsini baýlaşdyran beýik şahyryň eserlerine uly höwes bilen garalýandygyny bellediler. Şeýle hem häzirki wagtda-da türkmen nusgawy şahyrynyň şygyrlarynyň adamlaryň kalplarynda asylly we belent maksatlary döredýändigi nygtaldy.
Şu dabaranyň barşynda Magtymgulynyň türkmen we pars dillerindäki şygyrlary, Gülüstan welaýatynyň Mejit Teke tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Azady adyngdaky aýdym-saz toparynyň hem-de Eýranyň “Gülüstanyň owazy” atly toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyna düzülen aýdymlaryň joşgunly ýaňlanmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Eýran tarapynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň jaýlanan ýeriniň çäginde muzeýden, mejtjitden, myhmanhanadan, mejlis geçirilýän jaýdan we beýleki desgalardan ybarat bolan binalaryň toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu toplum Türkmenistanyň we Eýranyň halklarynyň ençeme asyryň dowamyndaky taryhy we medeni bitewüligine esaslanýan türkmen-eýran dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklarynyň mizemezdigini görkezýän ýene-de bir ajaýyp nyşana öwrüler.
Bu çäre tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etdiler, bu ýerde aýat-doga okaldy.