Ï Türkmenistanyň milli parlamentinde we daşary syýasat edarasynda duşuşyklar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň milli parlamentinde we daşary syýasat edarasynda duşuşyklar geçirildi

view-icon 672
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara, bu şanly senä gabatlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen söhbetdeşlikleriň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Mejlisiň işi, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen Türkmenistanda geçirilýän demokratik özgertmeler babatda onuň eýeleýän orny bilen bagly mesele gozgaldy. Şunda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada pikir aýtdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň täze döwründe jemgyýetçilik-syýasy durmuşy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, häzirki zaman raýat jemgyýetini döretmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Duşuşykda kanun taslamalaryny taýýarlamagyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine, ýurdumyzyň tassyklan konwensiýalaryna we halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýandygy bellenildi. Mejlisiň işi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da berkitmek maksady bilen döwlet Baştutanynyň öňde goýan möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň Esasy Kanuny 20 ýylyň dowamynda mizemez düzgünlerini saklamak bilen, döredijilikli ösdürilýän resminama bolup durýar, amala aşyrylýan özgertmeleri, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegini nazara almak bilen üsti ýetirilýär we kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ähli özgertmeleri ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga innowasion çemeleşme bilen häsiýetlendirilýär. Şunda hukuk ulgamynda özgertmelere, häzirki zaman kanunçylyk hukuk binýadyny döretmäge aýratyn üns berildi. Bu çemeleşme ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de ilerlemegi üçin ygtybarly esas boljak kanunçylyk hukuk binýadyny berkitmekde we giňeltmekde öz beýanyny tapdy we birnäçe strategik ugurlary, şol sanda ykdysadyýet we durmuş ulgamy, ylym, bilim we medeniýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň işi bilen bagly ugurlary göz öňünde tutýar.

Duşuşyklar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Ol täze taryhy eýýamyň wakalaryny we talaplaryny, döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň mizemez ýörelgelerini özünde jemledi we ýurdumyzyň her bir raýatyna demokratik hukuklarynyň we azatlyklarynyň tutuş ulgamyny kepillendirýär diýlip bellenildi.

Ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş işinde türkmen Lideriniň yzygiderli öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, wekiliýetiň agzalary öz parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we işjeň gatnaşyklar üçin açyklygy bilen ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň barşynda wagt tapyp, özara duşuşykda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň käbir möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredendigine çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Şu günki duşuşyklara gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri we geljegi hakynda pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar ulgamda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna özara gyzyklanmanyň bardygyny aýtdylar. Syýahatçylyk özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi, Türkmenistan onuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki tagallalary we daşary ýurtlaryň baý tejribesini birleşdirmegiň ugry hökmünde Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan taslamanyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklary saklamagy netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ýagdaýlaryna laýyklykda yzygiderli berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.