Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň Mejlisi we Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Ozal habar berlişi ýaly, halkara maslahatyna dünýäniň 20-ä golaý
ýurdundan parlamentleriň baştutanlary we wekilleri, görnükli alym – syýasatşynaslar, jemgyýetçilik we syýasy işgärler gatnaşdylar.
Şu gün geçirilen bölümler boýunça mejlisleriň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyny işjeňleşdirmäge ýardam edýän konstitusion özgertmeleriň taryhy ähmiýeti meselelerine aýratyn üns berdiler, demokratik hukuk döwletini ösdürmegiň ýolunda ýurduň taryhy tejribesini we häzirki üstünliklerini, onuň konstitusion gurluşynyň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, öz taryhy ösüşiniň häzirki döwründe türkmen halky geçmişiň we şu günüň mizemez arabaglanyşygyna akyl ýetirip we saýlap alan ýoly bilen röwşen geljege tarap okgunly gadam urup, dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbalçözüji başlangyçlary öňe sürýär we durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşýär.
2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi. Ol biziň döwletimiziň häzirki zaman ösüşini häsiýetlendirýän taryhy ähmiýetli işleriň kanunçylyk beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýeti, döwlet institutlarynyň işini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagyna, milletiň gülläp ösmegine, halk häkimýetlilik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny we maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyna öwrülip, oňyn özgertmeler üçin täze tapgyry öňünden kesgitledi.
Maslahatyň barşynda şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasatyna syn berildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda esas hökmünde goýlan asuda durmuşyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasyny düzýär diýlip bellenildi. Bu syýasat Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenstanyň abraýyny artdyrdy we bütin dünýäde ykrar edilmegini üpjün etdi.
Wekilçilikli maslahatyň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň netijeleri jemlenildi. Oňa gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, netijeli häsiýete eýe bolan maslahat dünýä bileleşigini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geçen ýyllaryň dowamynda toplan oňyn tejribesi netijesinde döwleti netijeli dolandyrmakda konstitusion gurluşynyň aýratynlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam etdi.
“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi” atly halkara maslahat tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda gadymy türkmen topragyna gelip görmek, Türkmenistanyň ösüşiniň taryhy ýolunyň aýratynlyklary we onuň häzirki üstünlikleri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.