Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň şu günler Ženewada geçirilýän 65-nji maslahatynyň Baş komitetiniň agzalygyna saýlandy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) ýokary ýolbaşçy edarasy bolan assambleýanyň 21-nji maýda başlanan maslahatynyň işine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza döwletleriň 194-siniň, şol sanda biziň ýurdumyzyň wekilleri gatnaşýarlar. Olar bu guramanyň işine syn berdiler we geljek üçin wezipeleri kesgitlediler.
Maslahatyň mundan beýläkki işiniň barşynda jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň dürli meseleleri: ýokanç däl keselleriň öňüniň alnyşy we olara garşy göreşmek, eneleriň, täze dünýä inen we kiçi ýaşly çagalaryň iýmiti, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň ulgamy we başgalar babatda müňýyllygyň maksatlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şu maslahatda
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktorynyň wezipesine
ikinji möhlete doktor Margaret Çen tassyklanyldy. Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň maslahatyna gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny özgertmegiň maksatnamasyny jikme-jik öwrenerler. Guramanyň işini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş babatda dünýäde artýan talaplary kanagatlandyrmak üçin netijeliligini we mümkinçiligini ýokarlandyrmak onuň wezipesi bolup durýar.
Bilermenleriň pikirine görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işini gaýtadan seljermek we abraýly hem-de täsirli halkara guramasy hökmünde onuň ornuny pugtalandyrmak wezipesi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Ol gurama halkara saglygy goraýşyny utgaşdyrmaga, oňa ýolbaşçylyk etmäge we monitoringine öz tagallalaryny jemleýär.
Türkmenistan öz tarapyndan saglygy goraýyş assambleýasynyň 65-nji maslahatynda emele gelen açyk we maslahat beriş ýagdaýyny goldaýar we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň özgerdilmegi bu guramanyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk ruhuna we halklaryň durmuş bähbitlerine laýyk gelýär diýip hasaplaýar. Bu babatda biziň döwletimiz bu düzümde özüniň agzalygynyň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň saglygy goraýşy toplumlaýyn ösdürmegiň we öňde goýlan wezipelere ýetmegiň ileri tutulýan ugurlarynda onuň tagallalaryna işjeň ýardam etmegi maksat edinýär.
Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda ýola goýlan, gyzyklanma döredýän gatnaşyklaryň netijeliligi munuň kepillendirmesi bolup hyzmat edip biler. Şol gatnaşyklaryň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda häzirki zaman lukmançylygynyň dürli ugurlary, ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamy boýunça bilelikdäki möhüm taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa býurosynyň Türkmenistanda gyzamygyň we gyzyljanyň soňuna çykylmagy baradaky işde gazanan üstünliklerini belledi, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk taýdan bilim edaralarynyň “Awisenna” katalogynyň Bütindünýä maglumatlar goruna girizilendigini belläp geçmek gerek.
Biziň ýurdumyzda 2009-2010-njy ýyllardaky ýagdaýa baha bermegiň jemleri boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistany gyzamyk keselei ýok edilen ýurtlaryň sanawyna goşdy. Şeýle hem Türkmenistanda poliomiýelit keseliniň ýokdugy tassyklanyldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ýod ýetmezçilikli kesellere gözegçilik etmek boýunça Halkara geňeşiniň ýene-de bir halkara güwänamasy biziň ýurdumyzyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup duzy kabul edilen standartlara laýyklykda köp ugurly ýodlaşdyrmagy üpjün edendigini tassyklaýar. Mundan başga hem Türkmenistanyň Mejlisi temmäkä gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady, munuň özi biziň döwletimiziň ýurdumyzyň häzirki we geljekki nesillerini çilim çekmegiň zyýanly netijelerinden goramagy maksat edinýändigini görkezýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň bu gazanýan üstünlikleri kesellere garşy netijeli göreş alyp barmagyň hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny gorap saklamak we pugtalandyrmak üçin örän amatly şertleri döretmegiň äşgär hem-de ruhlandyryjy mysaly bolup hyzmat eder.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi netijesinde ýeten ýokary derejesi, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi türkmenistanlylara häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Şol hyzmatlary biziň ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary hem-de bejeriş – anyklaýyş merkezleri üpjün edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe –sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi watandaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn neslini kemala getirmäge ýardam edýär.
Milletiň saglygy döwlet daragtynyň ösmegini üpjün edýän kökdür, biziň ähli beýik meýilnamalarymyzyň we pikir-oýlarymyzyň durmuşa geçirilmeginiň esasydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň Baştutanynyň işinde wagyz edilýän birleşdiriji milli taglymdyr. Türkmen döwletiniň Baştutany üçin halkymyzyň saglygy syýasy, strategiki wezipedir. Milli howpsuzlygymyzyň we durmuş taýdan abadançylygymyzyň ilkinji şertidir.
Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmak baradaky iş ilkinji nobatda, döwlet durmuş syýasatyna, kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, lukmançylyk hyzmatlaryny edýän ulgamlary kämilleşdirmäge, ekologiýa baradaky alada, her bir adamyň aň-düşünjesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we endikleriniň, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklarynyň kemala getirilmegine esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamy , onuň mertebesini, bähbitlerini hem-de hukuklaryny döwlet syýasatynda wajyp ugur hökmünde goýup, ýurdumyzyň saglygy goraýşyny ösdürmegiň konsepsiýasyna gürrüňsiz suratda döwletimiziň mundan beýläkki ösüşiniň, halkymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň ileri tutulýan ugrunyň derejesini berdi.
Döwlet Baştutany saglygy goraýyş serişdelerini peýdalanmakdan doly derejede netije almagy, adamlaryň öz saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmegi maksat edinýän ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatyny işläp taýýarlap, saglygy goraýyş meselelerine has giňden çemeleşmegi iş tejribesine ornaşdyrdy.
Şeýle çemeleşmäniň düýp mazmuny şundan ybaratdyr. Ilatyň durmuşynyň oňat hili türkmen lukmançylygyny ösdürmegiň düýpli usulyýet ýörelgesi we pelsepesi bolup durýar. Bu düzgünden ugur alyp, lukmançylyk pudagy işjeň ösüş ýoluna geçmek bilen aýry-aýry düzümleriniň kem-käsleýin üýtgedilmeginde däl-de, eýsem, ulgamlaýyn, uzak möhletli maksatnamalara we öňüni alyş çärelerine üns berip özgerdildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda umumydünýä meýilleri: ilkinji lukmançylyk kömegini, şol sanda belli bir ugurly kömegi ösdürmek, ilaty ýokary tehnologiki lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek we ahyrynda bu işleriň täze durmuş-ykdysady anyk ýagdaýynda utgaşýan ulgamy üpjün etmäge mümkinçilik berýän ugry kemala geldi.
Milli saglygy goraýşymyzyň durmuş binýadyny giňeltmek saglygy goraýyş baradaky işe raýatlaryň özüni, ähli jemgyýetimizi çekmegi özünde jemleýär. Şular ýaly bilelikdäki tagallalar öňüni alyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün edýär. Oňa siwilizirlenen we toplumlaýyn ýagdaýy berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sport hereketini giňden wagyz etmäge ýardam edýär.
Şeýlelikde, häzirki zaman milli saglygy goraýşymyz ähli taraplary boýunça möhüm döwlet institutlarynyň biri bolan halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň ulgamydyr, sebäbi iň gymmatly zat bolan adamynyň ömri we saglygy barada gürrüň barýar.
Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 65-nji maslahatynyň Baş komitetiniň agzalygyna saýlanmagy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde täze möhüm ädim, biziň ýurdumyzyň guramanyň işine has netijeli we anyk ýagdaýda gatnaşmagy, milli we halkara tejribesiniň esasynda saglygy goraýyş ulgamynyň sebitleýin hem-de global meselelerini çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ýene-de bir möhüm ädim bolup durýar.