Ï Türkmenistanda III Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda III Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady

view-icon 651
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda III Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady, bu çäre şu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täzeden badalga berdi hem-de geljekki bilelikdäki meýilnamalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlyk etmeginde geçirilýän bu ýöriteleşdirilen uly maslahaty guraýjylar hökmünde türkmen tarapyndan “Türkmengaz” Döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy wekilçilik etdi.

Türkmenistana dünýäniň 32 ýurdundan wekilleriň 500-e golaý ýygnandy. Ýurdumyz halkara derejesinde gepleşik geçirilýän ýere öwrülendigini ýene-de bir gezek tassyklady, bu ýerde gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetli jähetleri, ýangyç serişdeleriniň eksporta ugradylýan ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýumlary, milli we sebit derejesinde gazy akdyrýan desgalaryň düzümini ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu foruma gatnaşmak üiçn halkara guramalarynyň we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň 150-si, şol sanda Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Koreýa Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Indoneziýa, Eýran, Türkiýe, GDA goşulýan ýurtlar we beýleki döwletler öz wekillerini iberdiler.

Türkmenistanyň Halkara gaz kongresiniň uly abraýa eýe bolmagy esasan, häzirki wagtda beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda, dünýäde uglewodorodlaryň sarp edilişiniň düzüminde “mawy ýangyjyň” udel agramynyň barha artýandygy bilen şertlendirilendir.

Şoňa görä-de, dünýäniň öňbaryjy kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen gaz ulgamy boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşmagy kanuna laýyk ýagdaýdyr. Сhevron, Eххon-Mobil, RWE, OMV, BR, Shell, SIEMENS, Sсhlumberger, СNPС, Petronas Сarigali kompaniýalaryň we beýlekileriň wekilleriniň sözlerine görä, Türkmenistanyň gaz pudagynyň sazlaşykly ösüşi we onuň ählumumy energetiki bazarlara goşulyşmagy halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen içgin baglydyr. Maýa goýumlary babatda we salgyt salmakda ýeňilleşdirilen kadalaryň döredilmegi, döwlet tarapyndan berilýän beýleki kepillikler täze gaz ýataklaryny abadanlaşdyrmak, ulanylýan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we täze mümkinçilikleri döretmek, has täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaz pudagy üçin ökde hünärmenleri taýýarlamak boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýän oňaýly ýagdaýlardyr.

Galyberse-de, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä bazarlaryna gazy has köp möçberlerde iberijileriň arasynda geljegine has uly umyt bildirilýän ýurtlaryň biri hökmünde özüni tanatdy. Kongresde bellenilişi ýaly, örän köp gorlary özünde jemleýän “Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek has uly möçberli taslamalaryň arasynda görkezilýär, birinji tapgyrda bu ýatagyň özleşdirilmegine 10 milliard dollara golaý maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Garaşsyz halkara ekspert kompaniýasynyň baha bermegine görä, bu ýerde tebigy gazyň gorlarynyň aňrybaş möçberi 26,2 trillion kub metre ýetýär. Ýakyn geljekde bu ýatagyň täsin galdyrýan gorlary diňe bir häzirki wagtda ulanylýan gaz geçirijiler üçin däl-de, türkmen tebigy gazyny eksporta ibermek üçini niýetlenen geljekki uly ýangyç geçirijiler üçin çig mal binýadyna öwrüler. Häzirki wagtda gurlup ýörlen “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi bolsa, ýangyja baý ýataklarda islendik ugur boýunça ýylda 30 milliard kub metrden gowrak möçberdäki harytlyk gazyň iberilmegrni üpjün etmäge mümkinçilik berer. Gagabil-Gurrukbil, Merkezi Garagum topary, beýleki ýerasty ýataklar babatda-da uly umyt bildirilýär. Hazaryň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny işläp taýýarlamak daşary ýurt kompniýalarynda uly gyzyklanma döredýär.

Halkara gaz kongeresine gatnaşyjylaryň çykyşlarynda energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde iberilmeginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler ýangyjyň iberilmegini diwersifikasiýa etmekde wajyp ähmiýetli ýagdaýa öwrüldi, şol meseleler ählumumy derejede ileri tutulyp ugraldy, çünki energiýa serişdeleriniň elýeterliligi döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşini, köp sanly halklaryň ýaşaýşynyň derejesine we hiline gös-göni täsirini ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç geçiriji ulgamyň howpsuzlygyny upjün etmek boýunça öňe süren başlangyjy wajyp ähmiýete eýe bolýar, bu teklip BMG-niň `"Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýasy bilen berkidildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu banlangyjy tutuş dünýä bileleşigi tarapynan oňlandy hem-de Türkmenistanyň halkara koordinatlarynyň ulgamynda ýokary orny eýeleýändigi, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetiki howpsuzlygynyň üpjün edilmegine wajyp ähmiýetli goşandyny goşýandygy ykrar edildi. Şu Kongresde şol ugur boýunça möhüm ädim ädildi, şunda “mawy ýangyjy” öndürijiler, üstaşyr geçirijiler we sarp edijiler bu ulgamdaky wajyp meseleleri çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýurdumyzda nebitgaz toplumynyň senagat babatdaky kuwwatynyň berkidilmegine, gazy akdyrýan desgalaryň düzüminiň ösdürilmegine, energiýa serişdeleriniň çykarylýan we eksporta ugradylýan möçberleriniň artldyrylmagyna gönükdirilip amala aşyrylýan uly möçerli taslamalar, şeýle hem gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlaryny uly gyzyklanma bildirip diňlediler.

Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar tebigy gazyň düzümindäki esasy komponentleri—metany we etany himiki taýdan gaýtadan işlemegiň we soňra polietilen, poliproplen, poliwinilhlorid we has geçginli beýleki gaz-himiýa önümlerini öndürmegiň ähmiýetiniň barha artýandygyny bellediler, şeýle hem ugurdaş nebit gazyny utilleşdirmek hem-de ondan suwuklandyrylan tebigy gazy, sintetiki suwuklyklary we elektrik energiýasyny öndürmek boýunça işläp taýýarlamalar möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ammiagy, karbamidi, tehniki uglerody öndürmek üçin gazy gaýtadan işleýän senagat hem ösdürilýär, ekologik taýdan arsasa ýangyç we himiýa senagaty üçin gymmatly çig mal hökmünde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän suwuklandyrylan gazyň çykarylýan möçberleri artdyrylýar. Bularyň ählsi uglewodorod serişdelerini çykarmak, akdyrmak we gaýtadan işlemek boýunça bilelikde işlemäge hem-de özleriniň şu ugra degişli täze tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýar bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirmegini şertlendirýär.

Forumyň çäklerinde daşky gurşawy goramak bilen bagly mesele babatda giňişleýin durlup geçildi. Şunda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ekologiýa degişli bähbitleriň ileri tutulmagynyň üpjün edilmegine, hojalyk işleriniň daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak bilen bagly meseleleri göz öňünde tutmak arkaly ösdürilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Amala aşyrylýan uly möçberli ykdysady taslamalaryň her birinde tebigatyň goralmagyna hem-de täze önümçilikleriň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, milli ekologik syýasat we döwlet maksatnamalary yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylýar, kanunçylyk namalarynyň ulgamy işlenip taýýarlandy we netijeli ulanylýar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň tebigaty goramak baradaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli ýagdaýda gözegçilik edilmeginiň şol sanda gaz pudagynda-da daşky gurşawy goramagyň esasy özeni bolup durýandygy bellenildi.

Halkara gaz konresiniň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylaryyň hem-de daşary ýurtly işewürleriň arasynda köp sanly işjeň duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze mümkinçilikleri bellenildi, bular ýurdumyzyň gaz senagatynyň kuwwatly mümkinçiliklerinden türkmen döwletiniň, şeýle hem tutuş halkara bileleşiginiň bähbitleri üçin sazlaşykly peýdalanylmagyna ýardam berer.

Kongrese gabatlanyp bu pudaga degişli sergi guraldy, oňa dünýäniň 15 ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Niderlandlardan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan bütin dünýäde belli kompaniýalaryň 35-si gatnaşýar. Sergä gatnaşyjylar dürli enjamlary getirmek, tebigy gazy we nebiti gözlemegiň, çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalary, serwis boýunça öz hyzmatlaryny teklip etmek üçin şu forumyň mümkinçiliklerinden dolylugyna ppeýdalanmagy maksat edinýändigini bellediler. Galyberse-de, ertir—25-nji maýda tamamlanýan sergide türkmen nebitgaz düzümleriniň wekilleri bilen gös-göni gepleşikleri geçirmek, Türkmenistanyň baý uglewodorod serişderiniň netijeli özleşdirilmegine we ýangyç-energetika toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça täze ýagdaýlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döreýär.

Şu Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar onuň netijelerini jemljäp, bu forumyň we serginiň özara peýdaly gepleşikleri geçirmäge, toplanan oňyn tejribe barada giňişleýin pikir alyşmaga badalga berendigini kanagatlanma bilen bellediler hemde munuň halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ýaglaýda ösdürilmegine we özara arkalaşykly hereket etmegiň geljekki ýollarynyň kesgitlenmegine ýardam berendigini aýtdylar.