Ï Aşagabatda GDA agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň ýarmarkasy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşagabatda GDA agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň ýarmarkasy geçiriler

view-icon 681
2012-nji ýylyň 20-nji sentýabryndan 10-njy oktýabry aralygynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy geçiriler.

Bu iri göwrümli çäräniň maksady – Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden, işewürler toparlarynyň özara peýdaly aragatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam bermekden, şeýle hem GDA agza döwletleriniň ykdysadyýetde gazanan üstünliklerini görkezmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna, degişli ministrliklere hem-de pudak edaralaryna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ýarmarkany guramak we geçirmek tabşyryldy. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Türkmenistanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň, beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň degişli edara görnüşli taraplary bilen halkara ýarmarkasyny geçirmek boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýarmarka –sergi paýtagtyň „Çandybil“ bazarynyň çäklerinde geçiriler. Halkara söwda işlerine täze itergi berjek bu ýarmarka gatnaşjaklara ýeňil, azyk we gaýtadan işleýji senagatyň, durmuş tehnikasynyň, elektrotehnikanyň we beýlekileriň önümleriniň aglabasy görkeziler.

Ýarmarka-serginiň geçirilýän günleri önüm öndürijileriň görkezjek islendik önümlerini satyn alyp ýa-da olary buýurma esasynda alyp bolar. Bu ýarmarkada önüm öndürijilere öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga, öz harytlarynyň hil aýratynlyklary bilen müşderileri tanyşdyrmaga mümkinçilikler dörär.

Ýarmarka Türkmenistanyň esasy habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda mahabatlandyrma we maglumatlar bermek işleriniň giňden wagyz edilmegi esasynda geçiriler.