Ï TOPH gaz geçirijisi - energiýa howpsuzlygynyň transmilli ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH gaz geçirijisi - energiýa howpsuzlygynyň transmilli ugry

view-icon 933
Ozal habar berlişi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýakynda geçirilen III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde transmilli gaz geçirijisi bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň we hünärmenleriniň duşuşygy boldy. Onda taraplar bu möhüm taslamany durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň meseleleri boýunça ylalaşyklary we özara düşünişmekleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, “Tebigy gazy satmak we satyn almak barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Inter State Gas System Limited kompaniýasynyň arasyndaky ylalaşyga we Tebigy gazy satmak we satyn almak barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hindistanyň GAIL Limited kompaniýasynyň arasyndaky ylalaşyga” gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda gaz babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, III Halkara gaz kongresiniň barşynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen ägirt uly taslamanyň -- Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi bilen baglanyşykly taryhy waka bolup geçdi.

III Halkara gaz kongresinde kabul edilen resminamalaryň ähmiýeti barada aýdylanda şu şanly waka çenli geçirilen ägirt uly işler barada ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Perwez Muşarraf we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen 2007-nji ýylda geçiren gepleşikleri, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ram Pal Kauşik bilen duşuşygy bu ägirt uly energetika taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça mehanizmi herekete getiren ilkinji ädimler boldy diýsek ýalňyşmarys. Şol gepleşikleriň barşynda taraplar owganüsti gaz geçirijiniň taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak meseleleri barada aýratyn durup geçdiler. Ilçi bilen duşuşykda bolsa diplomat öz ýurdunyň bu taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu taslama türkmen tebigy gazynyň iberilmeginiň hasabyna hindi energetika bazarynyň okgunly artýan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

2008-nji ýylyň aprel aýynda bolsa Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň wise-prezidenti, Ýokary Palatasynyň Başlygy Hamid Ansary bilen gepleşikleri boldy. Gepleşikleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerinden başga-da türkmen Lideri we myhman ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Şol aýda şeýle hem Türkmenistan, Pakistan, Owganystan we Hindistan TOPH-yň gurluşygy hakynda çarçuwaly ylalaşyga – bu taslamany tiz amala aşyrmaga ýardam beren ilkinji resminamalaryň birine gol çekdiler.

2008-nji ýylyň maý aýynda bolsa Aşgabat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň tehniki işçi toparlarynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Duşuşyga taslama gatnaşýan ýurtlaryň nebitgaz edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, bu iri sebitleýin taslamanyň hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän Aziýanyň Ösüş Bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taslama gatnaşýan döwletleriň baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary we telefon gepleşikleri, TOPH gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň we tehniki işçi toparlaryň amala aşyran ägirt uly işleri taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine getirdi. Mysal üçin, 2010-njy ýylyň dekabrynda geçirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan taryhy Duşuşygynda “Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň, Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gaz geçiriji hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga” hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň, Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak hakynda Hökümetara Ylalaşyga gol çekildi.

2011-nji ýylyň 14-nji noýabrynda bolsa Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda gepleşikler geçirildi. Şol gepleşiklerde taraplar degişli taslamanyň çäklerinde bellenilen çäreleri yzygiderli amala aşyrmak babatda bilelikde işlemek hakynda ylalaşyk gazandylar, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça tebigy gazy satmak we satyn almak barada ylalaşyk boýunça Bilelikdäki jarnama gol çekilmegi ylalaşygy üstünlikli tamamlady.

Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geşjek we Hindistanyň serhedinde Fazilka ilatly nokadyna baryp ýetjek gaz geçirijiniň uzynlygy 1735 kilometre deň bolar, onuň taslama kuwwaty bolsa bir ýylda 33 milliard kub metr gaza barabar bolar. Taslama gatnaşyjylaryň öz hünärmenleriniň hem-de garaşsyz halkara bilermenleriniň maglumatlarynyň esasynda Türkmenistanyň bu ugur boýunça gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge ukyplydygyna göz ýetirmegi TOPH taslamanyň ykdysady taýdan esaslandyrylandygyny görkezýär. Günorta Aziýanyň ýurtlarynda tebigy gaza bolan uly isleg taslamanyň esasynda durýar.

Gol çekmek dabarasyna gatnaşyjylar – Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit we mineral serişdeler ministri Asim Huseýn, Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Jaýpal Reddi, Owganystan Yslam Respublikasynyň dag-magdan serişdeler ministri Wahidulla Şahrani öz çykyşlarynda bu gaz geçirijiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlara energetika wezipelerinden başga-da möhüm durmuş we gumanitar meselelerini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, tutuş gaz geçirijiniň ugrunda durmuş ulgamyny kemala getirmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berjekdigini, iň esasysy bolsa tutuş sebitde syýasy durnuklylygy saklamaga we berkitmäge ýardam etjekdigini aýratyn bellediler.

III Halkara gaz kongresinde gol çekilen Türkmenistanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň arasynda tebigy gazy satmak we satyn almak barada ylalaşyklar, şeýle hem Gaz babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bu ägirt uly taslama gatnaşyjylaryň ony tiz amala aşyrmagyň oňyn jähetleri baradaky düşünjesini beýan edýär.

Mälim bolşy ýaly, gazy üç ugur boýunça – Russiýa, Eýran Yslam Respublikasyna we Hytaý Halk Respublikasyna ibermek bilen Türkmenistan öz daşary syýasatynda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini wagyz edýär. Hyzmatdaşlar babatda oňyn nukdaýnazar we Bitarap Türkmenistanyň ykdysady pragmatizmi köp ugurly ýangyç geçiriji ulgamy döretmekde öz beýanyny tapýar, ol geljekde Ýewraziýa yklymynyň uly böleginde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, diýmek, ägirt uly giňişlikde ýaşaýan millionlarça adamlaryň durmuşyny gowy tarapa üýtgetmäge ukyply bolar.

Şunuň bilen baglylykda, gaz kongresiniň barşynda TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzir dünýäniň gün tertibinde esasy orny eýeleýän energiýa serişdeleriniň halkara ibermeleriniň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek meseleleri energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine, köp halklaryň durmuş derejesine gös göni täsir edýän energiýa serişdelerine bagly bolmadyk durmuş ulgamy ýok bolsa gerek.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç geçiriji ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda öňe süren pikiri uly ähmiýete eýe bolýar. Ol "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen berkidildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan bu başlangyjy Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornunyň ykrar edilmegi, şeýle hem onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşan uly goşandy boldy.

Biziň ýurdumyzyň bu babatda eýeleýän işjeň orny soňky günleriň möhüm halkara wakasy bolan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek boýunça nobatdaky möhüm resminamalara gol çekilmegini şertlendirdi. Munuň özi Türkmenistanyň energetika strategiýasynda daşary ýurtly hzyzmatdaşlar bilen “mawy ýangyjy” ähli eksport ugurlary boýunça uzak möhletleýin we kepillikli ugradylmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene-de bir ýola subut edýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alternatiw ugurlaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir peýdaly taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň örän uly ähmiýeti bardyr. Häzirki dünýä bazarlarynda energiýa göterijilere bolan islegiň yzygiderli artýan şertlerinde energetika akymlarynyň diwersifikasiýa edilmegi, onuň eksport ugurlarynyň üstüniň täze ýurtlar we sebitler bilen ýetirilmegi zerur bolan durnuklylygyň, dünýä ykdysadyýetinde ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini şertlendirer.