Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 761
Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň esasy maksatlary hem-de daşary syýasatynyň wezipeleri bilen giňden tanyşdyrmak we düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalyň şu ýyldaky ilkinji sany çapdan çykdy. Halkara okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu žurnaly neşir ediji hökmünde çap edilýän makalalary üç dilde—türkmen, iňlis we rus dillerinde çykarýar.

Žurnal bilen tanyşlyk milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitarap Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty ulgamlaýyn häsiýete eýedir we onuň mazmuny milli ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlary hem-de olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin oňyn halkara şertlerini üpjün etmegiň ileri tutulýan wezipeleri bilen kesgitlenýär” diýip aýdan sözlerinden başlanyp, ýurdumyzyň parahatsöýüjilik we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny kesgitleýär.

Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ählihalk Prezident saýlawlarynyň jemleri türkmen Lideriniň ýöredýän döwlet syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň we makullanýandygynyň subutnamasyna öwrülip, olara laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawçylaryň agramly böleginiň—97,14 göteriminiň ses bermegi bilen häzirki döwrüň görnükli syýasy işgäri, ykrar edilen milli Liderimiz, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedow gaýtadan saýlanyldy. Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kämilligini, agzybirligini we jebisligini görkezmek bilen fewral saýlawlary garaşsyz döwleti hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri ösdürmekde we berkitmekde täze döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka tutuş bir makala bagyşlandy.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejede geçiren duşuşyklary we gepleşikleri žurnalyň täze sanynyň möhüm mowzugyna öwrüldi. Türkmen Lideriniň birnäçe dostlukly daşary ýurt döwletleriniň baştutanlary, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül, Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen geçiren gepleşikleri sebitleýin we dünýä möçberinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasy ugrunyň dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

Biziň döwletimiziň hut şu nukdaýnazary köp babatda iri we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy şertlendirýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan onuň doly hukukly agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň we BMG-niň köpugurly üstünlikli hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan makalada bellenilişi ýaly, häzir dürli ugurlarda möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistan ählumumy ösüşiň häzirki zaman meýillerine gabat gelýän täze geosyýasy we geoykdysady giňişligiň gurluşyny dünýä bileleşigine hödürleýär. Bu ähli pikirler we teklipler tutuş dünýäde öz goldawyna we düşünilmegine, şol sanda müňýyllygyň Ösüş maksatlaryny gazanmagyň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň hökümetiniň tagallalaryna giňden ýardam berýän BMG tarapyndan hem goldawa eýe bolýar. Türkmenistan öz gezeginde Milletler Bileleşigine sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, ony durnukly ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirilen täze netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

2012-nji ýyl beýleki şanly senelere, hususan-da, Türkmenistanyň dünýäniň aýry-aýry döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Saud Arabystany, Türkiýe Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň 20 ýyllygy ýaly senelere hem beslendi. Ýurdumyzyň DIM-niň Halkara habarlar müdirligi tarapyndan taýýarlanan ýörite ýygyndyda bellenilişi ýaly, diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we ösdürmegiň esasynda dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny doly amala aşyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Türkmen döwleti özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitleri berjaý etmek ýagdaýyny goldamaga we berkitmäge üýtgewsiz ymtylýar.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň sahypalarynda däbe görä, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar bilen söhbetdeşlige aýratyn orun berilýär. Žurnalyň şu sanynyň myhmany— BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekili jenap Saber Azam. Ol gumanitar meseleleri çözmekde we ýeri gelende aýtsak, sebitleriň köpüsi üçin möhüm mesele bolmagynda galýan raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak meselesiniň çözgüdini ilkinji bolup teklip eden Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň sebitdäki wekiliniň belleýşi ýaly, musulman dünýäsinde bosgunlar meselesine anyk çemeleşmeleri teklip edýän Türkmenistanyň tejribesi beýleki ýurtlar üçin oňat nusga bolup hyzmat edip biler.

Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin açylýan uly mümkinçilikleri žurnalyň sahypalaryndan okyjylara ýüzlenen daşary ýurtly diplomatlar—şu ýylyň başynda Türkmenstanda işläp başlan Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rathakit Manathat hem-de Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oçir Oçirjaw bellediler.

“Türkmenistan we halkara guramalary” diýen rubrika astynda çap edilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri—türkmen jemgyýetiniň ugrukdyryjy güýjüdir” atly makala öz işini ynsanperwerlik, duýgudaşlyk, rehim-şepagatlylyk ýörelgelerinde guraýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyetiniň taryhy-esasy döwürleri we ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyrýar. Makalada bellenilişi ýaly, bu ýörelgeler türkmenleriň milli aýratynlyklary bolan açyklyk, parahatsöýüjilik we sabyr-takatlylyk ýaly häsiýetleri bilen sazlaşýar. Häzir jemgyýetiň 88 müňe golaý agzasy we 2 müňden gowrak meýletinçileri bolup, olar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyetiniň giň gerimli we köptaraplaýyn işlerine giňden gatnaşýar.

Howanyň global üýtgemegi şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýan alternatiw energetikany ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlyga ýokary okuw mekdep ylmynyň wekilleriniň pikirlerini we işlerini öz içine alan makala bagyşlandy. Onuň awtorlary energetika howpsuzlyk meseleleri energiýany tygşytlamak we ekologiýa taýdan arassa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen berk baglydyr diýip belleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, alternatiw energetika çeşmelerini, hususan-da, günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazlaryň we onuň beýleki çeşmeleriniň energiýalaryny oýlanyşykly peýdalanmak babatda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işläp düzmek we döretmek möhüm ylmy wezipe bolup durýar. Ol dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we berkitmegiň hasabyna hem çözülmelidir.

“Türkmenistanyň ulag strategiýasy: milli ykdysady bähbitler we ösüşiň geoykdysady jähetleri” diýen mowzuga bagyşlanan makalada ulag ulgamyny ösdürmegiň, transmilli taslamalary amala aşyrmagyň aýratyn orny bellenilýär. Şol taslamalar Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny berkidýär we dünýäniň ykdysady ulgamyna ynamly girmegini üpjün edýär.

“Ýaş alymyň sahypasy” atly däbe öwrülen rubrika soňky ýyllarda Türkmenistanda maglumat jemgyýetiniň ösüşi bilen tanyşdyrýar. Awtoryň belleýşi ýaly, maglumat serişdeleriniň möçberi we hili, olary ulanmagyň derejesi bu gün islendik ýurduň ösüşini hem-de onuň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny kesgitleýän şertlere öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmäge we dürli ulgamlara ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Netijede, biziň ýurdumyz dünýäniň ylmy-tehniki ösüşi bilen gadam urup, toplumlaýyn hemmetaraplaýyn ösüşe eýe boldy.

“Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly däbe öwrülen bölüm žurnalyň şu sanyny jemleýär. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilýän daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we iri halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar wagty boýunça yzygiderlilikde beýan edilýär.