Ï Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň ulag we kommunikasiýalar ministri Askar Žumagaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Işjeň , netijeli häsiýetde geçen gepleşikleriň barşynda baglaşylan hökmetara ylalaşyklarynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem üstaşyr geçirmek we ulag ulgamy boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy. Ýewropanyň we Aziýanyň özboluşly “köprüsine” öwrüljek hem-de özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjek transmilli “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň wajyp ähmiýetli bölegi bolup durýan Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň gurluşygyna degişli taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäkleri boýunça çekilýän täze demir ýoluň ýükleri Günorta Aziýa, Pars aýlagyndaky portlara we degişlililkde, gaýdyşyn Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa tarap daşamakda ykdysady taýdan amatly ýagdaýda üpjün etjekdigi bellenildi. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi “Gündogar-Günbatar” ulag kommunikasiýalary, ýagny Hytaý, Merkezi Aziýa, Kawkaz, Ýewropa aralygyndaky transkontinental ulag geçelgesi bilen baglynyşdyrylmagynyň mümkindigini göz öňünde tutup aýdanyňda, has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Aýdylýan çaklamalara görä, eýýäm ilkinji döwürlerde “Demirgazyk-Günorta” demir ýoly arkaly her ýylda ýükleriň 3-5 million tonnasy daşalar, geljekde daşalýan ýükleriň möçberleri 10-12 million tonna çenli artar. Galyberse-de, üstaşyr geçirilýän ýükleri awtoulag, deňiz we awia ulag ýollary gatnawlaryndan demir ýollara geçirmäge oňaýly mümkinçilik dörär.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Demirgazyk-Günorta” demir ýoly ulanmaga berlenden soňra onuň hereket etmegine degişli meseleleri, şonuň üçin zerur bolan düzümleriň ösdürilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistan-Gazagystan döwlet serhedinden halkara demir ýol geçiriş nokadyny döretmek hakynda ylalaşyk baglaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly gatnaşyklara hem-de doly möçberli hyzmatdaşlyk edilmegine ygrarly bolup durýan goňşy iki döwletiň pudak edaralarynyň arasynda üstaşyr ulag geçirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.