Ï Halkara maliýe düzümleri dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara maliýe düzümleri dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1302
Şu gün “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly Halkara maslahat öz işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistanyň hökümeti, Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky tarapyndan guralan bu wekilçilikli forum özünde ýeterlik derejede gatnaşyjylary ýygnady. Olaryň arasynda halkara we sebitara maliýe ulgamynyň ýolbaşçylary we görnükli wekilleri, dünýäniň iri banklarynyň, dürli döwletleriň, şol sanda dünýä belli kompaniýalaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, döwlet we paýdarlar täjirçilik banklarynyň, dürli maliýe we bank edaralarynyň, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar.

Bu maslahatyň geçirilmegi esasy maliýe düzümleriniň çäginde ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde belleýşi ýaly, ähliumumy ykdysady ulgamyň durnuklylygynyň aýgytlaýjy şertleri häzirki döwürde BMG agza döwletleriň uzak möhletleýin ösüş maksatlary bitewüligi we olary durmuşa geçirmekdäki umumylygy bolup durýar.

Bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünligi tagallalaryň şunuň ýaly bilelikdäki utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny ýene bir ýola aç-açan görkezdi. Ähliumumy çökgünliligiň zyýanlaryny aradan aýyrmak we dünýä ykdysady ulgamynyň ösüşiniň geljekki baş ugurlaryny kesgitlemek häzirki döwürde halkara bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeler bolup durýar. Türkmenistan bu işlere işjeň gatnaşmaga, biziň ýurdumyzda jemlenen, şol sanda ykdysady we durmuş ösüşi ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam etmäge taýyndygyny ykrar etdi. Muňa häzirki maslahat hem şaýatlyk edýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatdaky duşuşygynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça maliýe ulgamynyň globallaşmagyndaky üýtgetmeler bilen baglanyşykly meselelere seredildi, şeýle-de ykdysady ösüşiň durnukly ugurlarynyň biri bolan önümli sebitara inwestision syýasaty barada pikir alşyldy.

Şu günki maslahatyň gün tertibine durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleri bolan hususy we maliýe sektorlarynyň möhüm ugurlary girizildi.

Forumyň dowamynda Şweýsariýanyň Konfederasiýasynyň we Belgiýa Patyşalygynyň milli banklarynyň wekilleri öz ýurtlarynda şu ugurdaky ösüş tejribesi barada çykyş etdiler. Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri hem-de USAID maliýe ulgamynda hereket edýän telekeçilige we kärhanalary maliýeleşdirmäge goldaw bermekde öz taslamalaryny hödürlediler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, dünýä maliýe çökgünligi döwletleriň we hususy telekeçiligiň özara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny ýene bir ýola görkezdi. Bu bolsa ähli gyzyklanýan taraplar üçin giň mümkinçilikler açýar. Bu ulgamda hereket etmeler bolsa, döwletleriň býujet agramlyklaryny azaltmaga, ilatly nokatlary ösüş infrastrukturasy bilen üpjün etmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarylandyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge, şonuň bilen bir hatarda harytlaryň we hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Dürli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen döwlet tarapyndan berilýän goldaw häzirki döwürde iň bir derwaýys ugurlaryň biri bolup durýar.

Şu jähetden türkmen hünärmenleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary hakyndaky çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, döwlet syýasaty Türkmenistanyň köpugurly mümkinçilikleri bilen milli derejede bolşy ýaly, halkara ugurlaryndaky giň möçberli wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda maliýe ulgamy özgerdilýär, sebitler ösdürilýär, hususyýetçilere goldaw berilýär we beýleki ugurlaryň köpüsinde özgertmeler amala aşyrylýar. Şunlukda, milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygynyň, ýurduň durnukly uzak möhletleýin ösüşiniň we Türkmenistanyň raýatlarynyň abadançylygynyň üpjin edilmegi ýaýbaňlandyrylan özgeritmeleriň esasyny düzýär.

Türkmen döwletiniň yzygiderli ösüşi türkmen Lideriniň oýlanyşykly makroykdysady syýasatyna we özgertmeleriň amala aşyrylmagyna esaslanýar. Bular toplumlaýyn görnüşde milli ulgamy guramagyň ähli ugurlaynda hil taýdan oňyn netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti meýilleşdirilen usulda ösdürmegiň maksatnamalaýyn görnüşi işjeň ýagdaýda ulanylýar, munuň özi ösüşiň ileri tutulýan esasy ugurlaryny oňaýlaşdyrmaga, olaryň tapgyrlaryny, amala aşyrmagyň serişdelerini we mehanizmlerini utgaşdyrmaga şert döredýär.

Häzirki tapgyrda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň wajyp ähmiýetli ugry bolup durýar. Türkmen Lideriniň durmuşa gönükdirilen syýsatynyň hem-de kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine we höweslendirilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň amala aşyrylmagy netijesinde bu ulgam hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutany tarapyndan resminamalaryň binäçesine gol çekildi, bular hususy telekeçiligi ösdürmek hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplara goldaw bermek üçin oňaýly şertleri döredýär. Şularyň arasynda hususy kärhanalar, özbaşdak telekeçiler, daýhan hojalyklary we oba hojalyk önümlerini öndüriji kärendeçiler üçin niýetlenen taslamalara ýeňillikli şertler esasynda karz bermegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň tassyklanmagyny, “Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi hakyndaky”, “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegini, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi boýunça maksatnamanyň, Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça döwlet toparynyň döredilmegini we beýlekileri görkezmek bolar.

Galyberse-de, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyna goldaw bermek boýunça ýerli düzümler döredildi, salgyt we maliýe ulgamynda telekeçiler üçin has oňaýly ýagdaýyň döredilmegi üpjün edildi hem-de ýaňy girişen telekeçiler üçin bilim boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylmagy wajyp ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki önümçiligine hemmetaraplaýyn goldaw bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewralynda geçirilen mejlisinde tassyk edilen ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin täze Maksatnamasynda göz öňünde tutuldy. Resminama laýyklykda dürli görnüşli ýüzlerçe kiçi hem-de orta senagat kärhanalaryny döretmek meýillşdirilýär.

Ýokarda agzalan çäreleriň hemmesi häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň daşary ýurtly kompaniýalar bilen bir hatarda gurluşyk pudagyndaky we gurluşyk materiallarynyň önümçiligindäki taslamalara işjeň gatnaşmak bilen, baý tebigy serişdeleri özleşdirmek boýunça täze iri önümçiligi döretmek babatda oňyn tejribe toplandygyny şertlendirýär. Bu bolsa ýurtda azyk bolçulygynyň wezipeleriniň oňyn çözülmegini emele getirýär. Ýurdumyzyň hususyýetçiliginiň wekilleri toplanan serişdeleri öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy ugur edinýän önümçilige maliýeleşdirýärler, bazaryň şertlerini dessine öwrenýärler, özlerinde täze pudaklaryň synaglaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, bu pudagyň ösdürilmegi durmuş häsiýetli meseleleri, öňi bilen, bolsa ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmek meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ABŞ-nyň 30 million dollary möçberindäki serişdäni goýbermek baradaky Karara gol çekmegi hususy telekeçilige döwlet tarapyndan giňden goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurduň bank-maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we milli ykdysadyýetiň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen hususy ulgamyň işini giňeltmek boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň derwaýysdygyny belläp, öňdebaryjy maliýe guramalaryň wekilleri Türkmenistan bilen ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine taýýardyklaryny mälim etdiler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň aýtmagyna görä, biziň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty we ýurtda maýadarlar üçin döredilýän oňyn şertler ygtybarly binýat bolup durýar.

Türkmen bazarynyň özüne çekijiligi we onuň uly geljegi, şeýle hem ýurtdaky jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýetiň ösüşi, serişde-çig mal binýadynyň kuwwaty, şeýle hem hukuk ulgamynyň kämilligi maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny we netijeliligini kepillendirýär.

Şu günki duşuşygyň ähmiýeti hakynda aýtmak bilen, oňa gatnaşyjylar bu forumyň halkara maliýe guramalarynyň wekiliýetleri we dünýäniň dürli döwletleriniň milli maliýe düzümleri üçin häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň birini ara alyp maslahatlaşmakda derwaýys meýdançany emele getirdi diýip bellediler.

Şu jähetden maslahatda edilen çykyşlar maliýe bazarlarynyň globallaşmagynyň şertlerinde esasy ugur anyk netijeleriň gazanylmagyna, köptaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatldaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna, döwletara derejesinde bolşy ýaly deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda sebitara derejesindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilmelidir.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda hususan-da, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi we onuň netijeli geçirilmegi üçin döredilen mümkinçiliklere hoşallyk sözleri aýdylýar.