Şu gün Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň başlygynyň orunbasary jenap Fransua Blansynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna sapara gelen wekiliýet ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlyk boýunça toplanan oňyn tejribäni we geljekki döwür üçin bellenilen meýilnamalary göz öňünde tutup, özara arkalaşykly hereket edilmegini ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.
Duşuşykda adam, onuň hukuklary we azatlyklary baradaky aladanyň ýurdumyzyň demokratiki ösüşinde möhüm ähmiýetli ýagdaý hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşarylýan we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilip, uly at-abraýa eýe bolan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bolup durýandygy bellenildi. Şu ýylyň maýynda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Aşgabatda ”Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi muny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de abraýly gumanitar düzümler, şol sanda Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlykda şu meselä içgin üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürimelidigini aýdyp, işde toplanan netijeli tejribäniň alşylmagyny işjeňleşdirmäge çalyşylýandygyny bellediler.
Şu gün Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde gumanitar hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.