Ï Türkmenistan-GFR: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-GFR: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 542
Kanun çykaryjylyk hukuk tejribesinde iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek we peýdalanmak barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň /GIZ/ sebitleýin maksatnamasynyň arasynda hukuk ulgamynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we ony halkara hukugynyň kadalaryna gabat getirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda hukuk ulgamynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň Taslamasy bilen bilelikde netijeli gatnaşyklary amala aşyrdy. Bu jemgyýetiň “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda köp sanly maslahatlar we “tegelek stollar” geçirildi, hukuk we kazyýet ulgamlarynda tejribe alyşmak maksady bilen tanyşlyk saparlary guraldy. Türkmen hukuk öwrenijileri bilen bilelikde käbir kanunçylyk namalaryna, şol sanda Türkmenistanyň Raýat kodeksine Teswirlemeler taýýarlanyldy.

Düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilen duşuşyga gatnaşyjylar Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň täze sebitleýin maksatnamasyny amala aşyrmak maksady bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen bellediler we kanunçykaryjylyk işinde giňden tejribe we maglumat alyşmak bilen birlikde netijeli gatnaşyklary dowam etmek barada pikir aýtdylar.