Ï Türkmenistan-Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: ähli tagallalar halkyň saglygynyň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: ähli tagallalar halkyň saglygynyň hatyrasyna

view-icon 751
Şu gün paýtagtymyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Ýewropa sebitleýin býurosynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän üç günlük maslahat öz işine başlady. Duşuşykda biziň ýurdumyzyň azyk önümleriniň hiline döwlet gözegçiligini guramakda toplan tejribeleri, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem halkara tejribelerini ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerinden başga-da, köpçülik iýmiti, azyk önümlerini kepillendirmek, weterinar gullugy, oba hojalygy, suw üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak ulgamlary boýunça milli bilermenler çagyryldylar.

Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary, şol sanda BSG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek boýunça daşary syýasat ugruna laýyklykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle gatnaşyklar, hususan-da, milli Liderimiziň başlanygyjy bilen halkyň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň maksatanmasynyň jähetinde has-da derwaýysdyr.

Maslahata gatnaşýan halkara bilermenleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hiline we häzirki zaman derejesine ýokary baha berdiler hem-de paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde saglygy goraýyş ulgamyna degişgli desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygyny, hünärmenleri taýýarlamak üçin maksadalaýyk işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň azyk önümlerine, arassa agyz suwunyň üpjünçiligine gözegçiligi ýola goýmak, keselleriň öňüni almak boýunça degişli çäreleri geçirmek ýaly möhüm ugurlarda netijeli işleri durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Maslahatyň barşynda pudagara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerine serediler. Bu babatda barlaghana gullugynyň işini döwrebap derejede guramak, azyk önümleriniň hili, olaryň saklanyş we gaýtadan işleniş derejeleri, şeýle hem dürli maglumat materiallaryny, gollanmalary taýýarlamak, monitoring we gözegçilik ulgamyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly işler esasy orunda bolar.