Ï Türkmen-fransuz medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-fransuz medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda

view-icon 658
Şu gün türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Fransiýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň kino-radio we telegepleşikler meseleleri boýunça attaşesi hanym Fanni Ober–Malori Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde we Türkmen döwlet medeniýet institutynda kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda myhman türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň barşy bilen tanyşdyryldy. Şonda nygtalyşy ýaly, milletiň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, şeýle hem kinematografiýany ösdürmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Bu babatda türkmen-fransuz gatnaşyklaryny giňeltmek üçin iki döwlete uly gelejek açylýar, iki dostlukly ýurduň halklaryna bolsa, gadymy we häzirki zaman sungat eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga täze mümkinçilikler döreýär. Gumanitar ugurda alyş-çalyşlary ýola goýmagyň ähmiýetini bellemek bilen, myhman medeni gatnaşyklary giňeltmek barada öz pikirini beýan etdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjek bilelikdäki taslamalara gatnaşmak babatda tekliplerini aýtdy.

Hanym Fanni Ober–Maloriniň türkmen paýtagtynda bolmagynyň maksatnamasynda şeýle hem Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde duşuşyk geçirmek göz öňünde tutuldy.