Ï Türkmenistan-GDA: aragatnaşygyň döwletara ulgamy ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-GDA: aragatnaşygyň döwletara ulgamy ösdürilýär

view-icon 942
Şu gün türkmen paýtagtynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň /ASA/ administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 46-njy mejlisi açyldy.

Oňa gatnaşmak üçin ASA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň – Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Ukrainanyň telekommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň baştutanlygynda Aşgabat şäherinde bu iri sebitleýin guramanyň wekiliýetleri ýygnandylar. Duşuşyga Bolgariýanyň, Litwanyň, Sloweniýäniň, “Intersputnik” kosmos aragatnaşygy halkara guramasynyň, “Latwiýa poçtasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň /HEB/ wekilleri we beýlekiler çagyryldy.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutany häzirki mejlisiň telekommunikasiýalaryň halkara ulgamyny has-da ösdürmegiň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini kabul etmäge ýardam etjekdigine, dostlukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Mejlisiň gün tertibini yglan etmek bilen, oňa başlyklyk edýän Russiýa Federasiýasynyň aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministri N.Nikiforow Sebit Arkalaşygynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belledi. Aragatnaşyk administrasiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek, aragatnaşyk serişdelerini netijeli peýdalanmak we ösdürmek maksady bilen olaryň işini utgaşdyrmak şol wezipeleriň esasylarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, ASA 1991-nji ýylyň dekabrynda döredilip, soňra ol elektrik we poçta aragatnaşygy babatda döwletara utgaşdyryjy gurama öwrüldi. Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginde we Bütindünýä poçta birleşiginde synçynyň derejesine eýe bolan ASA-nyň ýanynda 2002-nji ýylyň oktýabrynda Maglumatlaşdyrmak boýunça GDA-nyň agzasy bolan döwletleriň Utgaşdyryjy geňeşi döredildi. Oňa maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda döwletara utgaşdyryjy guramanyň derejesi berildi.

Mejlisiň birinji gününiň çäklerinde oňa ýygnananlar 2012-nji ýylda geçirilen Radioaragatnaşygyň Bütindünýä maslahaynyň hem-de Radioaragatnaşygyň assambleýasynyň jemleri, şeýle hem ony 2015-nji ýylda geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdylar. Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýalary babatda geljekki sebitleýin gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ASA-nyň aragatnaşyk administrasiýalarynyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň we Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara maslahatlaryna, 2012-nji ýylda geçirilýän HEB-niň elektroaragatnaşygyny standartlaşdyrmak boýunça Bütindünýä assambleýasyna, 2012-nji ýylda geçirilýän HEB-niň halkara elektroaragatnaşyk boýunça Bütindünýä maslahatyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Bu ugurda umumy tagallalary artdyrmagyň möhümdigini bellemek bilen mejlise gatnaşyjylar ASA gatnaşyjy ýurtlarda geçirilýän, aragatnaşyk we maglumatlar ulgamynda döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2012-nji ýylyň GDA döwletleriniň baştutanlary tarapyndan aragatnaşyk we maglumatlar ýyly diýlip yglan edilmegini nazara almak bilen, tejribe alyşmak, täze gatnaşyklary ýola goýmak hem-de aragatnaşyk we maglumatlar ulgamynda öňde goýlan wezipeleri çözmäge bir bitewi çemeleşmeleri işläp düzmek, pudagyň innowasion ösüşini açyp görkezýän milli we halkara maslahatlaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek boýunça yzygiderli duşuşyklary dowam etmek maslahat berildi.

Duşuşygyň barşynda ASA-nyň kadalaşdyryjy resminamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ertir mejlis öz işini dowam eder.