Ï Türkmenistan—BMG: ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan—BMG: ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 687
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalar boýunça halkara syýsatynyň hukuk bilen bagly jähetleri boýunça iki günlük maslahat öz işine başlady, bu maslahat Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady topary tarapyndan bilelikde guraldy.

Maslahatyň işine ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň öňünde BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wekilleri we daşary ýurtly bilermenler—BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we goşulyşmak bölüminiň innowasion syýasaty ösdürmek baradaky toparynyň ýolbaşçysy jenap Hose Palasin, şol bölümiň ykdysady meseleler boýunça işgäri hanym Miçiko Enomoto, Londonyň uniwersitetiniň Patyşa Mariýanyň Kolležiniň Söwda hukugy boýunça barlaglar merkezinden professor Ýan Uolden çykyş edip, şu ulgam boýunça halkara tejribesi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şu maslahatyň möhüm ähmiýete eýe bolmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň çaltlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň sazlaşykly depginde we üstünlikli alnyp barylmagy, şol sanda ýurdumyzda maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler bilen şertlendirilendigi bellenildi. Häzirki zaman kommunikatiw ýagdaýlar we olaryň mümkinçillikleri döwlete degişli düzümlere we hususy telekeçiligiň wekillerine özara aragatnaşygy saklamaga hem-de elektron enjamlary ulanmak arkaly, dünýä boýunça ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň çäklerinde beýleki taraplar bilen geleşikleri baglaşmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda maslahatda şertnamalary baglaşmagyň elektron usullaryna, elektron ulgamlarda intellektual eýeçilik boýunça hukuklaryň goralmagyna degişli kadalaşdyryjy-hukuk meseleleri barada gyzykly pikir alşylar. Maslahatda dürli ulgamlarda hukuga degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy, şol meseleler elektron söwdasyny yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde hem-de Türkmenistanda şu ugra degişli işi, has takygy, hukuk boýunça düzümi, hukuk taýdan ygtybarlylygy we hukuk boýunça goragy kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Şeýle hem iki günluk maslahata gatnaşyjylar şu ugra degişli täze çözgütleri hem-de maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalar boýunça halkara tejribesi we bu möhüm ähmiýetli ulgamda türkmen hünärmenleriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady topary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşarlar.