Belarus Respublikasynyň salgytlar we ýygymlar boýunça ministriniň orunbasary hanym E.A.Seliskaýanyň ýolbaşçylygyndaky Belarusyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.
Wekiliýetiň biziň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda birnäçe ugurdaş ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde duşuşyklar meýilleşdirildi.
Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde myhmanlar döwletimiziň bu pudakda durmuşa geçirýän syýasaty, hususan-da, ýurtda hereket edýän çeýe salgyt ulgamy, ýagny bir tarapdan Döwlet býujetine girdejiler üýtgewsiz artýan, beýleki bir tarapdan häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan hususy telekeçiligi ösdürmek üçin uly ýeňillikleri göz öňünde tutýan salgyt ulgamy bilen tanyşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýän öňden görüjilikli syýasaty durmuşa geçirýändigini bellemek bilen, Belarus wekiliýetiniň agzalary soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny we onuň üstüniň milli hem-de sebitleýin ähmiýetli birnäçe bilelikdäki taslamalar bilen ýetirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki ýurduň özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän sebitleýin we halkara derejesinde gazanylan oňyn tejribeleri has-da işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.
Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeni-taryhy ýerleri bilen tanyşmagy meýilleşdirýär. Olar, hususan-da, ýurdumyzyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň muzeýine we bütin dünýäde belli bolan “Nusaý” taryhy-arheologik ýadygärlikler toplumyna baryp görerler.