Ï Döwrebap aragatnaşyk dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny ýakynlaşdyrmagyň möhüm şertidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap aragatnaşyk dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny ýakynlaşdyrmagyň möhüm şertidir

view-icon 654
Şu gün türkmen paýtagtynda aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň Ýolbaşçylarynyň geňeşiniň düýn başlanan 46-njy mejlisi öz işini tamamlady.

Mejlise GDA-nyň giňişliginde aragatnaşygy we maglumatlaşdyrmagy ösdürmek maksady bilen, sebit boýunça döredilen bu iri guramanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň, Ukrainanyň aragatnaşyk boýunça administrasiýalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Bolgariýadan, Litwadan, Sloweniýadan aragatnaşyk boýunça Sebitdäki arkalaşygyň, kosmos aragatnaşygy boýunça “Intersputnik” atly halkara guramasynyň, çäkli jogapkärçilikli “Latwiýanyň poçtasy” atly jemgyýetiň synçylary, Halkara elektrik aragatnaşygy birleşiginiň wekilleri we beýlekiler bar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan biziň ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi arkaly aragatnaşyk boýunça Sebitdäki Arkalaşygynyň doly hukukly agzasy bolup durýar, bu gurama elektrik we poçta aragatnaşygy boýunça sebitde hyzmatdaşlygy amala aşyrýan guramadyr. Aragatnaşyk boýunça Sebit arkalaşygyň möhüm ähmiýetli wezipesi dünýäniň maglumatlar giňişligine goşulyşmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Çünki soňky ýyllarda tutuş dünýäde has täze maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalar batly depgin bilen ornaşdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu mejlisde sebitde maglumatlar boýunça umumy giňişligi döretmekde ylalaşykly hereketleriň amala aşyrylmagyna, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň birek-biregiňkä laýyk getirilmegine, işde toplanan tejribäniň alşylmagyna degişli meselelere garaldy.

Şu gün, mejlisiň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda elektrik aragatnaşygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri we çaklamalary bilen tanyşdyryldy. Şonda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň sazlaşykly ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutany kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, şeýle hem özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meselelere içgin üns berýär, munuň özi pudagyň işiniň hil boýunça halkara standartlaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam bermelidr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telekommunikasion desgalaryň düzümini ösdürmek boýunça bellän meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşygy kärhanasy amala aşyrýar. Her ýylda ýurdumyzda telekomunikasion ulgamda maýa goýumlar bilen bagly görkeziji ýokarlanýar we şonuň netijesinde süýümli, öýjükli aragatnaşygy we Interneti ýaýratmagyň derejesi ýokarlanýar, şeýle hem ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli aragatnaşyk liniýalarynyň çekilmegi bilen, aragatnaşygyň ýaýlymlarynyň sany artýar.

2012-nji ýylda “Türkmentelekom” kärhanasy telekommunikasion ulgamynyň sygymlylygynyň has-da artdyrylmagyna we bu ulgamyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň toplumyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Şunda Türkmenistanyň ilaty we edaralary üçin öýjükli aragatnaşyk boýunça hyzmatlaryň derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berler.

Şu ulgamda maglumatlary geçirmegiň kämil tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze görnüşdäki hyzmatlary berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Şonda ýurdumyzyň oba ýerleriniň hajatlarynyň kanagatlandyrylmagyna aýratyn üns berler. Emeli hemranyň ýaýlymy we süýümli-optiki aragatnaşyk liniýalary boýunça Internetiň ählumumy ulgamyna goşulyşmak üçin haklara aragatnaşyk ýaýlymynyň sygymlylygyny artdyrmak bilen bagly çäreler amala aşyrylýar.

Ýer üsti liniýalary, hemraly aragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly Türkmenistanyň ilatyny ýokary hilli tele we radio ýaýlymlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Täze we döwrebap “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, şu ulgama öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna içgin üns berýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi, munuň özi häzirki eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mejlisde aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň Toparynyň ýanyndaky elektrik aragatnaşygy boýunça aragatnaşyk ulgamlaryny dolandyrmak baradaky Iş toparynyň hem-de operatorlaryň Geňeşiniň ýanyndaky özara arkalaşykly hereket edýän ulgamlaryň maglumatlar babatdaky howpsuzlygyna degişli Iş toparynyň işi baradaky hasabatlar diňlenildi. Mejlisde sebitde rouming boýunça nyrhlary düzgünleşdirmek hem-de Sebitdäki arkalaşygyň aragatnaşyk baradaky operatorlarynyň Geňeşiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklipler aýdyldy. “Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygyna goşulýan ýurtlarda operatorlaryň arasynda mobil aragatnaşyga degişli hyzmatlar bilen bagly özara hasaplaşyklaryň nyrhlaryny kesgitlemegiň ýörelgeleri babatda özara düşünişmegiň jarnamasy” makullandy. Geňeş telekommunikasiýalary kadalaşdyrmagyň düzgünleriniň açyklygynyň we aýdyňlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny ykrar edip, aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň nyrhlar syýasatyna degşli meseleler boýunça Iş toparyna sebitara aragatnaşygyň operatorlarynyň nyrhlarynyň belli bir nusga getirilmegi bilen bagly işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygyň iş toparlarynyň birnäçesiniň -- aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň aragatnaşygy düzgünleşdirýän edaralarynyň işini utgaşdyrmak boýunça Toparynyň, aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň poçta aragatnaşygy baradaky operatorlarynyň Geňeşiniň alyp barýan işleri baradaky çykyşlar diňlenildi. Şu Iş toparlarynyň işini mundan beýläk-de guramak boýunça teklipler, şeýle hem başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar geljekde-de sebitdäki hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň jähetlerini ara alyp maslahatlaşmak bilen şu ýyllarda ýola goýlan we Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň milli aragatnaşyk ulgamlarynyň ösdürilmegine ýardam berýän netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem tutuş sebitde goşulyşmaga degişli ýagdaýlary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar GDA goşulýan döwletlerde maglumatlar giňişligini kemala getirmek hem-de döwrebap maglumatlar-telekommunikasion düzümi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça umumy maksatlara we wezipelere laýyklykda özara arkalaşykly hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary maglumatlara degişli hyzmatlaryň bazaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara derejesinde maglumatlaryň alşylmagyny üpjün etmegiň, maglumatlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler.

Mejlisiň gün tertibi boýunça başga-da birnäçe meselelere, şol sanda döwletara maglumatlar-marketing merkezini döretmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy, bu merkez maglumatlar boýunça goldaw bermek arkaly, Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şeýle hem maglumatlar boýunça howpsuzlyk baradaky toparyň işiniň netijelerine garaldy, bu toparyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri maglumatlary goramagyň tehniki serişdelerini ulanmak bilen bagly sargytlary işläp taýýarlamakdan hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini utgaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Mejlisiň ahyrynda Aşgabatdaky duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, türkmen topragynda göwnejaý garşy alnandygy hem-de mejlisiň ýokary derejede guralmagyna ýardam berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şu mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin giňişleýin medeni çäreler hem guraldy. Hususan-da, wekiliýetleriň agzalary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu ýerdäki täsin galdyrýan haly önümleri bilen tanyşdylar.

Şeýle hem myhmanlar Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Myhmanlar sebitde deňi-taýy bolmadyk bu uly toplumy gyzyklanma bildirip synladylar.

Myhmanlar Aşgabatda bolnan günlerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşdan ugur almak arkaly, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň artdyrylmagyna, ýurtda we sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatynyň öňden görüjiliklidigine we amala aşyrylýandygyna göz ýetirendiklerini bellediler.