Ï Türkmenistan - GFR: ykdysady hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan - GFR: ykdysady hyzmatdaşlyk

view-icon 785
Şu gün Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn sedaralarynyň birnäçesinde “Nemes ykdysadyýetiniň gündogar komiteti” wekiliýetiniň düzüminde biziň ýurdumyza gelen GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bu komitet Germaniýanyň esasy telekeçilik düzümlerine wekilçilik edýär. Nemes senagatynyň federal birleşigi, Nemes banklarynyň federal birleşigi, Nemes ätiýaçlandyryjylarynyň birleşen bileleşigi, Nemes bölekleýin söwdasynyň daşary söwda birleşigi we Nemes senetleriniň merkezi birleşigi komitetiň esaslandyryjylarydyr.

Türkmen paýtagtyna gelen nemes wekiliýetiniň düzümine GFR-iň esasy kompaniýlarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri girdiler. Olar öz işini nebitgaz senagaty we energetika, ulag we aragatnaşyk, söwda we maliýe ulgamlarynda, obasenagat pudagynda, şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda amala aşyrýarlar. Olaryň arasynda “Bauer Comp Holding AG”, “Lemken GmbH”, “John Deer International GmbH”, “ThyssenKrup AG” we beýlekiler bar.

Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň biriniň işewür toparlarynyň wekilleriniň Aşgabada sapary günbatar kompaniýalarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge artýan gyzyklanmasynyň ýene bir subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda türkmen-german hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, GFR-iň hökümeti ägirt uly serişdelere eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge örän uly üns berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, obasenagat ulgamlary, şeýle hem ylym-bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Pikir alyşmagyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýändigini aýtdylar. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, türkmen bazarynyň geljegi hem-de maýa goýumlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin Türkmenistanda döredilen oňaýly şertler işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin möhüm şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, nemes hyzmatdaşlary dürli pudaklarda toplan tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny türkmen tarapyna bermäge taýýardygyny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu pudagyň uly geljegini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrylýan, energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasynyň ähmiýetini belläp, myhmanlar ählumumy energetika hoypsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen Lideriniň başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini nygtadylar.

Germaniýanyň işewür toparlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak işine ýokary baha berýärler. Mundan başga-da, türkmen Lideriniň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap ýöredýän ugry we “açyk gapylar” syýasaty daşary ýurtly kompaniýalar bilen hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän oňat şertleri döredýär diýlip nygtaldy.

Şu gün şeýle hem nemes myhmanlary bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginde duşuşyk geçirildi. Şonda soňky ýyllarda netijeli ösüşe tarap kuwwatly itergi alan türkmen-german hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan özara gyzyklanma beýan edildi.

Duşuşyklaryň ahyrynda olara gatnaşyjylar hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäniň hem-de ony işjeňleşdirmäge bolan özara taýýarlygyň täze bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdiler. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy däbe öwrülen dostlukly, netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge we ösdürmäge hyzmat edýär.