Ï Hazaryň tebigatyna aýawly garamagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň tebigatyna aýawly garamagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 811
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň balyk hojalygy boýunça ygtyýarly guramalarynyň wekilleriniň mejlisi açyldy. Oňa gatnaşyjylar Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirilýän duşuşyk Hazarýaka döwletleriň işi deňiz zolagynda tebigatdan rejeli peýdalanmagy üpjün etmek bilen bagly bolan pudaklaýyn edaralarynyň wekillerini we bilermenlerini ýygnady.

Hazaryň baý tebigy dünýäsini aýawly saklamaga gönükdirilen sebitleýin resminamany taýýarlamak boýunça işleriň barşyny her tarapyň ykdysady we ekologiýa bähbitlerine gabat gelýän tebigatdan peýdalanmagyň ylalaşylan derejesini üpjün edip ara alyp maslahatlaşmak mejlisiň esasy meselesi boldy. Bu möhüm meselede Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar boýunça netijeli usuly döretmek Hazar deňziniň biologiki serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda işlenip düzülýän Ylalaşygyň maksady bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazaryň täsin serişdelerini aýawly saklamak üçin ähmiýeti uly bolan bu resminamany işläp taýýarlamaga gatnaşýanlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň meseleleri baradaky Pudagara topar döredildi we ol netijeli işleýär. Onuň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryň we beýlekileriň wekilleri girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän hem-de täsin tebigy suw howdanynyň baý serişdelerini aýawly saklamaga, artdyrmaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek degişli düzümiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda işleriň dürli görnüşlerini, hususan-da, Hazar deňziniň biologik serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk babatda işleri düzgünleşdirýän hökümetara ylalaşyklaryny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Hazar deňzi bilen bagly meseleleri, hususan-da, onuň serişdelerini aýawly saklamak we tebigatdan netijeli peýdalanmak boýunça ylalaşylan nukdaýnazarlary işläp düzmekde Türkmenistan erk-islege, deň hukuklylyga, birek-birege hormat goýulmagyna we sagdyn pragmatizme, Hazaryň gymmatly bioserişdelerini geljek nesiller üçin aýawly saklamak zerurlygyna esaslanan oýlanyşykly oňyn ugra eýerýär. Şu meselede Türkmenistan abraýly halkara düzümleri -- Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy /ÝUNEP/ ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Häzirki mejlise gatnaşyjylar türkmen Lideriniň ekologik başlangyçlaryna hem-de türkmen döwletiniň BMG-niň hem-de onuň bu ugurda ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çärelerine ýokary baha berdiler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň meselelerine garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän platforma hökmünde Hazaryň ekologik forumyny guramak hakynda teklipleri beýan etdi. Milli Liderimiz bu möhüm başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmaga hyjuwlylygyny Braziliýanyň paýtagty Rio-de-Žaneýroda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça geljek hepdede geçiriljek “Rio+20” Bütindünýä maslahatynda tassyklamagy göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligi iki ýarym müňden gowrak görnüşlere deň bolup, olaryň üçden bir bölegi deňziň türkmen bölegine degişlidir. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Günorta-Gündogar Hazar we onuň suwly-batgalyk ýerleri balyklaryň 80-den gowrak görnüşine, şol sanda seýrek duş gelýän takgaz, şip, hazar kumžasy we ak balyklara baýdyr. Bekre balyklaryň dünýäde uly sürüleri Hazaryň buýsanjyna öwrülip, şolar hem aýratyn üns berilmegine mätäçlik çekýärler. Bu ýerde şeýle hem köp balyklar we suw guşlary üçin iýmlik binýady hökmünde aýratyn ähmiýetli bolan leňňeç şekillileriň, gurçuklaryň we mollýuskalaryň onlarça görnüşleri ýaşaýarlar. Hazaryň türkmen böleginiň kenar zolagynda göçüp - gonýan guşlaryň birnäçe yklymüsti ugurlary hem kesişýär. Adaty gyzylinjigiň dünýä boýunça gyşlaýan görnüşiniň 21 göteriminiň şu ýerde gyşlap geçýändigini nazara alanyňda bu ýeriň guşlar üçin näderejede möhümdigi belli bolýar.

Şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Hazarýaka döwletleriň balyk hojalygy boýunça ygtyýarly guramalarynyň wekilleri Hazarýaka sebitinde ykdysady, ägirt uly syýasatçylyk mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, bu täsin tebigy mekanyň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak boýunça maksatlar hem-de wezipeler bilen baglylykda Hazar deňzi sebitinde işleriň dürli görnüşlerini düzgünleşdirýän şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Ertir Hazarýaka döwletleriň balyk hojalygy boýunça ygtyýarly guramalarynyň wekilleriniň mejlisiniň jemleýji güni bolar.