Ï Türkmenistan-BAE: atçylygy ösdürmekde hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BAE: atçylygy ösdürmekde hyzmatdaşlyk

view-icon 710
Şu gün paýtagtymyzyň Oba hojalyk toplumynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleriniň atçylyk babatda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin biziň ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirliklerinden hünärmenleriň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Abraýly daşary ýurt bilermenleri—weterinariýa boýunça hünärmenler doktor Hollward Joan Sommerset we doktor Mohammet Abdula Rahman Abdulla bilen bolan duşuşygyň barşynda iki ýurduň weterinarlarynyň we zootehnikleriniň ylmy – maslahatlaşma gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we türkmen bedewlerini pasportlaşdyrmaga, tohumçylyk kitaplaryny döretmäge, her bir arassa ganly bedew hakyndaky doly maglumatlaryň elektron ýazgylary bolan çipleri işde ulanmaga degişli meselelere garaldy. Ahalteke bedewleriniň tohumçylygy, kesellere garşy sanjymy, saklanylmagy hem-de göwnejaý iýmitlendirilmegi boýunça zerur çäreleri geçirmegiň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýere ýygnananlar ahalteke bedewleriniň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda halkara sport ýaryşlaryna, gözden geçirilişlerine we bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşmagyny üpjün etmek üçin halkara kadalaryna hem-de standartlaryna laýyklykda atçylykda weterinariýa çärelerini geçirmäge häzirki zaman çemeleşmeleri hem gozgadylar. Şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugynyň düzüm birlikleriniň işini kämilleşdirmekde we döwrebap enjamlary bilen üpjün etmekde hem-de bu pudak üçin işgärleri taýýarlamakda halkara tejribesini peýdalanmaga üns berildi.

Daşary ýurtly hünärmenler ahalteke atçylygyny ösdürmäge Türkmenistanda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigine aýratyn haýran galýandyklaryny aýtdylar. Munuň özi meşhur “behinşdi bedewleriň” bütin dünýäde köp asyrlyk şöhratyny baýlaşdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda köp ýurtlarda ahalteke bedewleriniň hakyky janköýerleriniň sany artýar, olar atçylyk sportunyň nusgawy görnüşlerinde guwançly netijeleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu tohumdaky atlary we olaryň görnükli hil sypatlaryny mundan beýläk-de wagyz etmegiň, şol sanda türkmen bedewleriniň hem-de çapyksuwarlarynyň dünýäde geçirilýän abraýly atçylyk ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagynyň üsti bilen wagyz etmegiň ahalteke atçylygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi bellenip geçildi.

Myhmanlar saparyň çäklerinde halkara sport toplumyna baryp görerler, şol ýerde bedewleriň sport babatda taýýarlanylyşy, şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleriniň ahalteke bedewleriniň özboluşly tohumlarynyň saglygyny üpjün etmek boýunça iş ýüzünde alyp barýan işleri bilen tanşarlar. Daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul ediler, şonda atçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi boýunça pikir alşylar.