Ï Eýranyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýranyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 677
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň konsullyk meseleleri boýunça orunbasary jenap Hasan Kaşkawiniň baştutanlygynda türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.

Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilen hem-de abraýa mynasyp bolan Türkmenistanyň parahatçylygy üpjün ediji daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran häzirki döwürde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda iki halklaryň asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlykda uly tejribe topladylar. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde ýakynda Pekinde bolan duşuşygy munuň subutnamasy boldy, şol duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

DIM-de häzirki bolan duşuşygyň barşynda myhmanlar türkmen Lideriniň Baştutanlygynda geçen aýda Aşgabatda bolan “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň ähmiýetini hem belläp, bu ugurda Türkmenistanyň oňyn iş tejribesi Aziýa sebitinde hem, bütin dünýä hem durnukly we parahat ösüşe hyzmat edýär diýip nygtadylar.

Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň mümkinçilikleri hakynda söz açmak bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi, şol hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi bar. Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy.