Ï Awstraliýanyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awstraliýanyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 618
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margaret Tuminiň ýolbaşçylygynda düýn gelen wekiýiletiniň agzalary bilen duşuşyk boldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklarynyň geljekki mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alşyldy. Myhmanlar Awstraliýanyň parahatçylyga, hoşniýetli goşňçulyga we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan hem-de halkara derejesinde biziň ýurdumyzyň arbraýyny has-da beýgelden syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna içgin gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşigi, şol sanda Awstraliýaynyň hökümeti tarapyndan giňden oňlanan döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjlar türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň hem-de gumanitar gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar. Halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk özara arkalaşykly hereket etmegiň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek gün tertibine goşulan meseleleriň birine öwrüldi, şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge we berkitmäge mümkinçilik berer.