Şu gün säher bilen paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk ulgamyna we gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi öz işine başlady.
Däp bolan dostlukly we özara peýdaly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýöriteleşdirilen serginiň resmi taýdan açylyşyny alamatlandyrdy. Medeni çäre diňe bir ruhy-taryhy bitewülik esasynda däl, eýsem geljege gönükdirilen döredijilikli we netijeli hyzmatdaşlyk arkaly baglanyşýan iki doganlyk halklaryň dostluk baýramçylygyny öwrüldi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalarynyň toplan tejribelerinde we olaryň bu pudakda gazanan üstünliklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir diýip belleýär.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ägirt uly gurluşyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ähli ugurlary düýpli ösdürmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar, bu bolsa gurluşyk we gurluşyk materiallary senagatynda uly netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär” diýip, milli Liderimiz sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellemek bilen, türk gurluşykçylarynyň biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda senagat binalarynyň we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň, şeýle hem ýol gurluşygyna işjeň gatnaşýandyklaryny nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz serginiň türkmen we türk gurluşykçylarynyň, telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde, gurluşyk we gurluşyk materiallary senagatynda taslamalary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işiň ugurlarynyň kesgitlenmeginde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna pugta ynam bildirdi. Bu bolsa Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu öz çykyşynda bu çäre ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar we türkiýeli önüm öndürijilerine tekliplerini hödürlemäge şert döreder we geljegi uly hem-de okgunly ösýän türkmen bazary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer diýip belledi.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkiýäniň işewürler toparyna ýolbaşçylyk edip, düýn biziň ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadýyet ministrliginiň eksport bölüminiň baştutany Tarik Sönmez daşary ykdysady gatnaşyklarda we haryt dolanyşygy ulgamynda bolşy ýaly, başga-da birnäçe ugurlar boýunça giň möçberli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga goldaw berýändigi we bu babatda amatly şertleriň döredilýändigi üçin iki ýurduň baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini mälim etdi.
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk ulgamyndaky kuwwatyny we ýeten derejesini aýdyň görkezýän sergi häzirki döwürde bu pudakdaky iri netijeli waka öwrüldi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guran sergisi türkmenistanly hyzmatdaşlara Türkiýede öndürilýän gurluşyk materiallary barada zerur bolan maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Aşgabat sergisine gatnaşmak üçin Stambulyň, Ankaranyň, Antaliýanyň, Izmiriň, Trabzonyň, Bursanyň, Mersiniň we Türkiýäniň beýleki sebitleriniň gurluşyk ulgamynyň öňdebaryjy wekilleri geldiler.
Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýäniň kompaniýalarynyň 70-den gowragy öz önümlerini görkezýär. Olaryň hatarynda “Ak Ýelken”, “Lazaridis Marmor SA” , “Üntes”, “Pirouz”, “Сhaly”, “Turab”, “Gamak”, “Mega Sizdirmazlik” we başga-da birnäçe kompaniýalar bar.
Ýörite bölümler boýunça guralan sergilerde Türkiýäniň gurluşyk enjamlaryny, täze gurluşyklar üçin bloklary taýýarlaýan, türba önümçiligini, metal gurnamalary, bezeg we reňk işlerini amala aşyrýan, örtük materiallaryny, santehnika hem-de elektrotehnika önümlerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri görkezilýär.
Üç günüň dowamynda wekilçilikli ykdysady gözden geçirilişe gatnaşyjylar türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan hödürlenýän iň täze tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary, täze gurluşyk materiallaryny beýan edýän giň möçberli we köp ugurly sergi bilen tanşarlar.
Şeýle hem bu ýerde nahal ösdürip ýetişdirýän, seýilgäh çäklerini bezemek üçin materiallaryny, bezeg enjamlaryny, mebelleri, aşhana enjamlaryny we aýnadan edilen durmuş harytlaryny öndürýän firmalaryň harytlary görkezilýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde häzirki zaman şäheriniň gündelik durmuşynda zerur bolan önümler bar.
Daşary ýurtly işewürler wekilleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýetine we gurluşyk ulgamyna içgin üsn bermegi biziň ýurdumyzyň geljegi uly we sazlaşykly ösýän bazaryna bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatynyň kuwwaty ýyl-ýyldan artýar, täze kärhanalar işe girizilýär, şäherleriň we obalaryň keşbi özgerýär, edara ediş we amatly ýaşaýyş jaý toplumlara emele gelýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sazlagşykly ösýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ulag ýollarynyň müňlerçe kilometri bilen birlikde, köprüler, estakadalar, ýol bölüji desgalar gurulýar. Olaryň gurluşygynda bolsa iň täze tehnologiýalar ulanylýar. Sergide gurluşyk ulgamynda häzirki zaman we tehniki taýdan çylşyrymly binalary gurmakda ýöriteleşdirilen kompaniýalara aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däldir.
Serginiň çäklerinde Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri gurluşyk, gurluşyk materiallary önümçiligi, enjamlar we beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça öz tekliplerini hödürlärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň kompaniýalary önümçilik kuwwatlyklary, täzelikleri we halkara bazarynda alyp barýan işleri barada zerur bolan maglumatlar bilen çykyş ederler. Şeýlelikde, sergä gatnaşyjylar, öňi bilen bolsa pudaklaryň ýolbaşçylary, hünärmenler, telekeçiler öz türkiýeli kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeli ösýän ýyllarynda biziň ýurtlarymyz bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça uly tejribe topladylar. Olaryň hatarynda Türkiýäniň kompaniýalarynyň türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygyna işjeň gatnaşmakda amala aşyran birnäçe işlerini görkezmek bolar. Şeýlelikde, özüniň durmuşa ukyplylygyny görkezen özara peýdaly hyzmatdaşlyk üýtgewsizligine galýar we ol hyzmatdaşlygyň gyzyklanmalaryny nazara almak bilen milli bähbitlerden gelip çykýan, türkmen we türk halklarynyň ösüşiniň, abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýulýan özara gatnaşyklaryň ýolunda ylalaşylan ýörelgeleri beýan edýär.
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk pudagyna we gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanyp, Aşgabatda guralan sergi netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny giňeltmegiň we diwersifikasiýa etmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolar.
Serginiň açylyşy mynasybetli, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.
Sergi öz işini 21-nji iýuna çenli dowam eder.