Ï Türkmen-hindi gumanitar gatnaşyklarynyň taryhy beýany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-hindi gumanitar gatnaşyklarynyň taryhy beýany

view-icon 993
Şu günler Hindistan bilen Orta Aziýanyň halklarynyň arasyndaky gadymy medeni gatnaşyklara hem-de maddy medeniýetiň gazananlaryny alyşmaga bagyşlanan kitaplar tapgyryny ýazan meşhur hindi ýazyjy zenany Ratha Raýna Aşgabatda döredijilik sapary bilen bolýar. Hindi syýahatçysynyň we gadymy gündogar siwilizasiýasynyň ençeme müňýyllyk taryhynyň heniz mälim bolmadyk sahypalaryny barlaýjynyň häzirki saparynyň maksady türkmen we hindi halklarynyň özara medeni täsiri hakyndaky kitaby ýazmak üçin maglumat toplamak bolup durýar.

Hanym R.Raýna öz saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh, Arheologiýa we etnografiýa hem-de Milli golýazmalar institutlaryna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardy, Milli medeniýet merkeziniň milli kitaphanasynda boldy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryh we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň we Hindistanyň halklarynyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň taryhy arheologiki gazyp agtarmalaryň maglumatlarynyň şaýatlyk edişi ýaly, dört müň ýyl mundan öň, bürünç eýýamynda başlanypdyr. Biziň ýurdumyzyň muzeýlerinde hem, Hindistanda hem bu gatnaşyklaryň köp sanly subutnamalary bar. Munuň özi ilkinji nobatda gadymy keramikanyň seýrek duş gelýän nusgalarydyr, şeýle hem ýurtlaryň birinden beýlekisine kerwen ugurlary bilen geçen dürli sungat eserleridir, şonuň ýaly-da ruhy täsiriň subutnamalarydyr. Mälim bolşy ýaly, biziň eýýamymyza çenli ikinji we birinji müňýyllyklaryň sepgidinde Türkmenistanyň çäklerinde dörän ilkinji dünýä dini bolan zoroastrizm Hindistanda uýulýan din hökmünde biziň günlerimize gelip ýetdi.

Müň ýyla golaý mundan ozal ýüze çykan sopuçylyk türkmen-hindi ruhy ýakynlygynyň aýratyn meselesidir. Häzirki wagtda Köneürgenjiň, Merwiň, Mänäniň mukaddes ýerlerine we Türkmenistanyň beýleki taryhy ýerlerine hindistanly zyýaratçylar ýygy-ýygydan baryp görýärler. Deli soltanlygynda we bu ýurduň günortasyndaky aýry-aýry döwletlerde XII-XVII asyrlarda höküm süren Halajy, Tuglak, Kutubşalar nebelerinden bolan türkmenleriň bu ýurduň taryhynda nähili äşgär yzlary galdyrandygy barada ençeme ýazuw çeşmeleri bar. Şöhrat gazanan şahyr we serkerde Baýram han Türkmeniň, şeýle hem onuň ogly Abdyrahymyň ady hindi taryhçylarynyň we döredijilik işgärleriniň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedir. Hanym Ratha Raýna Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýygyndylary bilen tanyşmagy meýilleşdirýär, şolarda hindi medeniýeti bilen baglanyşykly köp sanly gadymy zatlar saklanylýar. Soňra myhman “Seýitjemaleddin” taryhy binagärlik toplumynda we Änewdäki “Ak bugdaý” milli muzeýinde bolmagy, şeýle hem häzirki wagtda Gadymy Nusaý galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirýän italýan arheologlary bilen duşuşmagy maksat edinýär.

Hanym Ratha Raýna öz täsirleri hakynda geljekki kitabynda gürrüň bermegi göz öňünde tutýar, şol kitapda onuň aýtmagyna görä, köp asyrlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň az mälim bolan taraplaryna üns berler, munuň bolsa häzirki eýýamda hil taýdan täze derejä çykan Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm goşant boljakdygy şübhesizdir.