Ï Ýurdumyzyň täze gurluşyklaryna - daşary ýurtly hzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň täze gurluşyklaryna - daşary ýurtly hzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary

view-icon 517
Şu gün paýtagitymyzdaky Sergi kögşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk ulgamyna we gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady.

Indi däbe öwrülen ýöriteleşdirilen sergi Tütrkiýäniň gurluşyk senagatynyň oňyn tejribelerini we täze gazananlaryny, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýokary gyzyklanma bildirýän türkiýeli önüm öndürijileriň gurluşyk önümçiliginiň ähli ugurlaryny, onuň eksport kuwwatyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu gezekki sergide Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň 70-den gowragy gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ulgamynda Türkmenistanyň döwlet edaralary hem-de hususy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Bu hyzmatdaşlyk esasan-da, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalaryny hasaba almak arkaly geljegi uly ugur hasaplanylýar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gurluşyklaryň tutuş toplumlary alnyp barylýar we ulanmaga berilýär, täze sengagat hem-de ýaşaýyş-durmuş düzüminiň ýüzlerçe desgalarynyň taslamalary işlenip taýýparlanylýar we olaryň düýbi tutulýar. Hazaryň kenarynda kemala gelýän halkara derejeli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalar bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin örän giň mümkinçilikleri açýar. Hut şonuň üçin hem türkmen paýtagtynda guralan sergi diňe bir ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky möhüm waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk ulgamynyň öňdebaryjy önüm öndürijileri üçin hem ähmiýetli çärä öwrüldi.

Ägirt uly gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan öz gezeginde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň, innowasiýalarynyň we oňyn tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Sergidäki bölümlerde görkezilýän harytlar türkmen hünärmenlerine we gurluşyk ulgamyndaky ýurdumyzyň telekeçilerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Sergide birnäçe ýöriteleşdirilen bölümler bolup, olarda gurluşyk tilsimatlary, enjamlar we ulag tehnikalary, gurluşyk materiallary, gurallar, lagym enjamlary, elektrik we yşyklandyryş usullary görkezildi. Sergä gatnaşyjylar Türkiýäniň gurluşyk ulgamynda öňde barýan kärhanalaryň we kompaniýalaryň täze gazananlary hem-de işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Mundan başga-da sergide diwarlyk bloklar, alýumin we plastik çarçuwalar, beton sorujylar we paýlaýjy ulgamlar, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça awtomatik ulgamlar hem-de kiçi kärhanalar, abatlaýyş garyndylary, boýaglar hem-de dürli görnüşli keramiki örtükler görkezildi.

Serginiň möçberiniň giňligi Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlaryna gurluşyk ulgamynda netijeli we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hödürlän teklipleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Serginiň üç gününiň dowamynda köp sanly hünärmenler, bilermenler, marketologlar, gurluşyk ulgamynda işleýän telekeçiler türkiýeli önüm öndürijiler bilen netijeli gepleşikleri geçirdiler. Olaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar we hyzmataşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyklar ýakyn geljekde täze ylalaşyklar we taslamalar, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybaply binýat bolar.

Ýöriteleşdirilen serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Serginiň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we asyrlaryň dowamynda dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen iki ýurduň we halkyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze möhüm ädime öwrülen serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.