Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

view-icon 619
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça “Rio+20” Bütindünýä sammitinde öňe süren başlangyçlaryna bagyşlanan ýörite duşuşyk geçirildi.

Oňa Türkmen döwlet habarlar gullugynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän habarlar gulluklarynyň, belli gazet-žurnallarynyň žurnalistleri çagyryldylar.

Türkmen tarapynyň BMG-niň howandarlygynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen teklipleriniň derwaýysdygyny bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar soňky onýyllygyň dowamynda iň bir uly möçberli we wekilçilikli iri dünýä derejeli forumyň münberinden beýan edilen teklipleriň aýratyn ähmiýete eýedigini we tutuş adamzat jemgyýetçiliginde gyzgyn seslenme tapandygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Maslahatynda Türkmenistanyň orny” Rio-de-Žaneýronyň ählumumy forumynyň Internet-saýtynda biziň ýurdumyzyň ýörite döredilen sahypasynda ýerleşdirilen maglumatyň, şeýle hem Bütindünýä sammitiniň öňüsyrasynda we şol çäräniň geçirilýän günlerinde dünýäniň habarlar giňişliginde peýda bolan köp sanly maglumatlaryň we synlaryň aýratyn ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.

Şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, özüniň durmuş-ykdysady ösüşinde ägirt uly üstünlikleri gazanýan we bu babatda işjeň daşary syýasat strategiýasyna ygrarly Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi häzirki döwürde ýurdumyzyň parahatçylyk, howpsuzlyk we bütin dünýäde abadançylyk ugrunda göreşýän tutuş adamzadyň tagallalaryna mynasyp goşandy hökmünde halkara derejesinde öwrenmek üçin ulanylyp bilner.

Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýardam bermeginde köp taraply döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, BMG-de täze ýöriteleşdirilen düzümleriň, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkeziniň döredilmegini, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika dialogynyň geçirilmegini, Hazar ekologiýa forumynyň guralmagyny we Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasynyň taýýarlanylmagyny ugur edinýän başlangyçlary dünýä ýüzünde barha giň seslenmä eýe bolýandygy tötänden däldir.

Ählumumy çökgünlik ýagdaýlaryna bilelikde garşy durmagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, işjeň gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryň derwaýysdygyny bellemek bilen, bu ýere ýygananlar öz tarapyndan milli Liderimiziň dünýäniň ähli halklarynyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna dahylly beýik maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdylar.