Ï Türkmenistan-ÝHHG: gender meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ÝHHG: gender meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk

view-icon 683
Şu gün ÝHHG-niň başlygynyň gender meseleleri boýunça ýörite wekili hanym Jun Zeýtlin biziň ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisinde, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Myhman şu günler türkmen paýtagtynda saparda bolýar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler we demokratik reformalar bilen baglylykda geljegi uly bolan hyzmatdaşlygyň ugurlary ýurdumyzyň milli parlamentinde geçirilen duşuşygyň barşynda gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pikir alyşmalaryň barşynda ÝHHG-niň wekili milli kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şol sanda gender deňligi babatda kadalaşdyryjy – hukuk binýady bilen tanyşdyryldy. Degişli ugurda hereket edýän halkara kadalarynyň esasy ýörelgeleri onda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň we ÝHHG-niň emele gelen oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtap, duşuşyga gatnaşyjylar herekete girizilen hem-de täze bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary nazara almak bilen, geljekki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşykda esasy halkara guramalaryň konwensiýalarynyň we şertnamalarynyň birnäçesine goşulan Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny, şol sanda demokratiýa we adam hukuklary babatda borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär diýlip bellenildi. Bu ýerde şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň türkmen Lideriniň başyny başlan ylalaşdyryjylyk syýasatyny we giň gerimli özgertmelerini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny belläp, hanym Jun Zeýtlin ýurdumyzyň milli bähbitlerine, şeýle hem müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

ÝHHG-niň başlygynyň gender meseleleri boýunça ýörite wekiliniň saparynyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde, Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynda duşuşyklar geçirildi.