Ï Ýosudaky Bütindünýä serigisinde Türkmenistanyň güni: dostluk we hyzmatdaşlyk üçin ýollar açyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýosudaky Bütindünýä serigisinde Türkmenistanyň güni: dostluk we hyzmatdaşlyk üçin ýollar açyk

view-icon 676
Şu gün Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilýän “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni bolýar.

Türkmenistan 2010-njy ýylda Şanhaýda geçirilen Bütindünýä sergisine ilkinji gezek gatnaşypdy. Indi bolsa ýurdumyz şeýle bütindünýä gözden geçirilişine ikinji gezek gatnaşýar.

“EKSPO-2012” Günorta Koreýada geçirilýär. Oňa dünýäniň 104 ýurdundan we “Janly umman we kenarýaka zolak: baý serişdeleri rejeli peýdalanmak we durnukly ösüş” halkara guramalarynyň 10-nyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu ýerde 12-nji maýda açylan Türkmenistanyň pawilýony ilkinji günlerden tomaşaçylarda, Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. “EKSPO-2012”-niň guramaçylyk komitetiniň maglumatlaryna görä, iş günlerinde sergide ortaça 30-40 müň adam, dynç alyş günlerinde bolsa 100-müňe golaý adam bolýar. Bu ýere gelýänleriň aglabasy merkezi alleýadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän türkmen pawilýonynyň ekspozisiýasynyň owadan bezelişine, Aşgabadyň we Hazar deňziniň kenarýakasynyň ajaýyp binagärlik görnüşleri şekillendirilen ägirt uly surat pannolaryna bada-bat üns berýärler.

Türkmenistanyň pawilýonyna iş bilen baglylykda gelýän myhmanlar hem bar. Olaryň hatarynda biziň ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän, şeýle hem geljegi uly türkmen bazaryna çykmaga çalyşýan koreý kompaniýalarynyň wekillerini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek bilen bu çäre şol gyzyklanmany berkitmäge we geljekki hyzmatdaşlaryň ünsüni ykdysadyýet, syýahatçylyk, ekologiýa, tebigy serişdeleri özleşdirmek we dolandyrmak ulgamlarynda Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň mümkinçiliklere çekmäge gönükdirilendir.

Meýilleşdirilen çäreleriň maglumatlary babatda baýlygy, olaryň medeni we döredijilik ugurlary biziň ýurdumyzyň häzirki güni barada doly we aýdyň düşünje berer, türkmen halkynyň dünýäniň halklary bilen oňyn we dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Biziň ýurdumyz beýleki halkara möçberindäki çäreler ýaly, şu Bütindünýä sergisine gatnaşmagynda hem ählumumy ösüşiň bähbidine uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüşi boýunça “Rio+20” maslahatynda beýan eden başlangyçlary hem şu ählumumy maksatlara gönükdirilendir. Onuň gün tertibiniň esasy meseleleri “EKSPO-2012”-niň konsepsiýasyna laýyk gelýär.

Rio-de Žaneýroda ara alnyp maslahatlaşylan “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgesi Ýosudaky Bütindünýä sergisini guramakda hem öz beýanyny tapdy. Ähli taýýarlyk, gurluşyk işleri we beýleki çäreler ekologiýa taýdan arassa materiallary we tehnologiýalary ulanmak, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak arkaly geçirildi. Munuň özi howa giňişligine zyýanly maddalaryň aralaşmak derejesini peseltmäge gönükdirildi. Sergi şäherjiginiň özi bolsa şäheriň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasynyň nusgasy hökmünde işlenip taýýarlanyldy we ol “ýaşyl” tehnologiýalaryň synagdan geçiriş meýdançasyny ýatladýar.

Häzirki wagtda adamzadyň abadançylygynyň adamlaryň tebigaty näderejede boýun egdirmegine däl-de, olaryň tebigata akylly-başly we aýawly garaýşyna, ony gözleriniň göreji ýaly goraýşyna baglydygyny subut etmegiň zerurlygy ýok. “Zyýan ýetirme!”—türkmen halkynyň daşky gurşawa garaýşynyň bu gadymdan gelýän ahlak ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň esasyny, häzirki Türkmenistanyň tutuş ekologiýa medeniýetiniň esasyny düzdi. Biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak, şol sanda howanyň üýtgemegi, deňizler we ummanlar dünýäsini aýawly saklamak boýunça ählumumy meseleleri, tebigy serişdeleri dikeltmek we rejeli dolandyrmak boýunça beýleki derwaýys meseleleri çözmegiň ýollaryny bilelikde işjeň gözlemäge taýýardyr.

Türkmenistanyň “EKSPO-2012”-däki ekspozisiýasynyň konsepsiýasy serginiň ileri tutulýan ugurlarynyň birini-“Kenarýaka zolaklaryny özleşdirmek we goramak” ugruny şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Onuň maksady diňe bir ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak, ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ösümlik, haýwanat we suwasty dünýäsini goramak babatda toplanan milli tejribä ünsi çekmekden ybarat bolman, eýsem, mähriban tebigatymyzyň türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, onuň ruhy mirasy bilen aýrylmaz baglanyşygyny nygtamakdan ybaratdyr. Şol ruhy miras bolsa häzirki Türkmenistanyň durmuşyň ähli ugurlarynda okgunly ösmeginiň ygtybarly banýady boldy.

Bu mesele häzir türkmen döwletiniň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen durmuş-ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlerini açdy. Deňziň kenarynda halkara derejeli şypahanany döretmek taslamasy biziň sergimiziň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşary ýurtly işewürler toparlarynyň we döwlet düzümleriniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň jahankeşdeleri we Koreýa Respublikasynyň ýaşaýjylary tarapyndan bu sergä aýratyn üns berilýändigini bellemelidiris.

Türkmen pawilýonynda Tebigaty goramak ministrliginiň esasy orunlaryň birini eýeleýändigi bellärliklidir. Onuň diwarlyklarynda ýerasty baýlyklaryny, suw serişdelerini, atmosfera howasyny ulanmak we goramak, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada gürrüň berilýär.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy “EKSPO-2012”-de Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini, onuň dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmagyny, ýurdumyzyň port hojalygynyň düzümini ösdürmegiň geljegini görkezýär. Balyk hojalygynyň ekspozisiýasy Türkmenistanda balyk pudagynyň ösdürilişi, balykçylyk we suw serişdelerini aýawly saklamak ulgamyndaky täze taslamalar barada gürrüň berýär. Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary arkaly tomaşaçylar Türkmenistanyň gadymy taryhy we medeni ýadygärlikleri, ýurdumyzyň iň gowy syýahatçylyk we goraghana ýerleri, onuň tebigatynyň gaýtalanmajak ajaýyplyklary bilen tanyşýarlar. Sport üstünlikleri, ýurdumyzda ösen saglyk we sport düzümini döretmek babatda hem biziň görkezmäge zadymyz köpdür.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Ýosuda biziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, onuň eksport mümkinçiliklerini we maýa goýum babatda geljegi uly ugurlaryny görkezýär. Sergide türkmen telekeçileri, ussat halyçylar we däbe öwrülen senetleri dowam etdirijiler hem wekilçilik edýärler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki ekspozisiýasy bu ýere gelýänleri biziň ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy we häzirki güni, tebigy baýlyklary, onuň ykdysadyýetde we ekologiýa syýasatynda, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bütindünýä sergisinde Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşlyk biziň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary, beýleki daşary ýurt kompaniýalary we kärhanalary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandygyna aýdyňlyk bilen şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň pudaklarynyň ençemesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna Koreýa Respublikasynyň döwlet işgärleri, “EKSPO-2012”-niň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary, sergä gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlary, dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri çagyryldy.

Milli günüň çäklerinde Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şeýle hem ekologiýa, kenarýaka zolagyny özleşdirmek we deňiz serişdelerini dolandyrmak ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezer. Serginiň işjeň maksatnamasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ol ýa-da beýleki pudak barada jikme-jik maglumatlary almaga, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik dörediler.

Türkmenistanyň Milli gününiň myhmanlary üçin türkmen artistleriniň çykyşy guralar. Konsertiň maksatnamasy özboluşly türkmen halk aýdym-sazlaryndan, joşgunly tanslardan, milli nusgawy we häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden, gadymy mukamlardan we halk döredijiliginiň sahnalaryndan düzüler. Olar her bir adama milli medeniýetiň täsin ruhuny we onuň özboluşly öwüşginini duýmaga ýardam eder berer. Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň konserti şol bir wagtyň özünde sergä gatnaşýan dürli ýurtlaryň “EKSPO-2012”-de geçirilýän sungat festiwalynyň dowamy bolar.