Ï Türkmen pawilýony “EKSPO-2012”-de iň gowularyň biri diýlip ykrar edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pawilýony “EKSPO-2012”-de iň gowularyň biri diýlip ykrar edildi

view-icon 585
Bütindünýä sergisinde biziň ýurdumyzyň Milli güni bellenilip geçildi

Şu gün “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni baýram edildi. Biziň ekspozisiýamyzy guraýjylar bu waka içgin taýýarlyk gördüler, wideoşekiller, maglumat materiallary täzelendi, milli saz medeniýetine esaslanýan medeni maksatnama taýýarlanyldy, türkmen pawilonynyň myhmanlaryna bolsa türkmen tagamlary garaşýardy.

Türkmenistan milli günler nobatyny kabul edip, şu gün sergä gelýänleriň, dürli ýurtlardan köp sanly wekiliýetleriň, şeýle hem ýerli we halkara metbugatyň üns merkezinde boldy. Koreýa Respublikasynyň iri habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, şol sanda bu ýurduň esasy teleýaýlymy bolan “KBS World” teleýaýlymynyň habarçylary türkmen pawilonynyň ilkinji myhmanlarynyň biri boldy. Bu gün irden türkmen artistleriniň çykyşlary guraldy. Pawilonyň öňündäki açyk meýdançada düşelen halylaryň üstünde geçirilen konsert şol bir wagtyň özünde türkmen toýuna çakylyk we häzirki Türkmenistan, onuň medeniýeti we sungaty, parasatly däp-dessurlary, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen ýakyndan tanyşlyk çäresine öwrüldi.


Türkmenistanyň Milli gününiň resmi taýdan açylyş dabarasy EKSPO—merkeziň binasynyň öňünde başlandy. Şol ýere Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, “EKSPO-2012”-niň Guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary, daşary ýurt wekiliýetleriniň baştutanlary we baýramçylygyň beýleki hormatly myhmanlary ýygnandylar.

Bu ýerde, Koreýa Respublikasynyň we “EKSPO-2012”-niň baýdaklarynyň golaýynda ýurdumyzyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda bäş sany haly göli şekillendirilen milli tugumyz galdyryldy. Şu tolgundyryjy pursatlarda dabara gatnaşýan türkmenistanlylar ellerini ýürekleriniň üstünde goýdular.

Türkmenistanyň Milli gününiň resmi bölümi EKSPO-merkezde dowam etdi. Onuň sahnasynda türkmen we koreý resmi wekiliýetleriniň baştutanlarynyň gutlag sözleri ýaňlandy.

Hususan-da, “EKSPO-2012”-niň Baş komissary jenap Li Çžun Hi Ýosu şäherine sapar bilen gelendikleri üçin Türkmenistanyň wekillerine hoşallyk bildirip, tutuş Aziýa sebitiniň üstünden çekilen berk dostluk köprüsini gurmakda möhüm ädim hökmünde onuň ähmiýetini belledi. Koreýanyň hökümetiniň adyndan Komissar türkmen wekiliýetini , “EKSPO-2012”-de biziň ýurdumyzyň Milli güni bilen gutlap, doglan güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag sözlerini aýtdy.

Ýosuda “Janly umman we kenarýaka” mowzugynda geçirilýän Bütindünýä sergisiniň bu ugurda täze sepgitleri aşjakdygyna we howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagy ýaly global meseleleriň bilelikdäki çözgüdini gözlemek üçin açyk meýdança öwrüljekdigini aýdyp, jenap Li Çžun Hi Türkmenistanyň we onuň Lideriniň adamzat siwilizasiýasynyň durnukly we howpsuz ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynda halkara tagallalaryny birleşdirmekde wajyp ornuny nygtady.


Türkmenistan ägirt uly nebit we gaz ýataklaryna eýe bolan Hazarýaka döwleti bolmak bilen, energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şol sanda deňiz ýalpaklygyny özleşdirmegiň hasabyna giňeltmäge işjeň gatnaşýar, mundan başga-da, Hazaryň ekologiýa howpsuzlygyny goramaga, deňiz we balyk hojalygyny, syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, sebitiň tebigy serişdelerini özleşdirmäge we aýawly saklamaga oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmegiň geljegi uly nusgasy hökmünde ekologiýa taýdan arassa şypahanany -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasynyň ähmiýeti bellenildi. “Bu taslama deňzi durnukly ösdürmegiň nusgasy bolup biler” diýip, , “EKSPO-2012”-niň baş ýolbaşçysy belledi we eýýam ýakyn wagtda koreýaly jahankeşdeleriň Hazaryň türkmen kenarynda oňat dynç alyp biljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan ajaýyp medeni däpleri, ruhy mirasy we täsin tebigaty, hoşniýetli we zähmetsöýer adamlary bolan ýurt hökmünde bütin dünýä üçin barha giňden açylýar diýip, jenap Li Çžun Hi aýtdy we iki halkyň biri-birinden alysda ýerleşýändigine garamazdan, koreýa we türkmen däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde we hatda dilinde meňzeşlikleriň bardygyny belledi. Munuň özi biziň ýurtlarymyza umumy ruhy gymmatlyklaryň esasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Komissar Bütindünýä sergisine gelýänleriň arasynda türkmen pawilonynyň meşhurlyga eýedigini belläp, biziň ýurdumyzyň Milli gününiň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen wekiliýetiniň adyndan edilen jogap çykyşynda Bütindünýä forumynyň ýokary derejede guralandygy we biziň bu ýerdäki wekillerimiziň işine hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi üçin , “EKSPO-2012”-niň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylaryna hoşallyk sözleri aýdyldy. Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki tanyşdyrylyşynyň giň gerime eýe bolmagy biziň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary, beýleki daşary ýurt kompaniýalary we kärhanalary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Entek biziň ekspozisiýamyz bilen tanyşmaga, Türkmenistanyň pawilonyna gelip görmäge we dabaralara hem-de medeni çärelere gatnaşmaga ýetişmedik adamlaryň ählisini çagyrýan bu baýramçylyk hem muňa ýardam eder.


Soňra ýygnananlara Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde konsert maksatnamasy hödürlenildi. Sahnada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda köp öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Konsertde Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, halk aýdymlary, türkmen saz sungatynyň nusgawy eserleri ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Sahnanyň gapdalyndaky iki sany ekranda görkezilen wideoşekiller bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şol şekillerde paýtagtymyzyň ajaýyp täze binalary we bagtyýar çagalaryň güler ýüzleri, halyçylaryň sünnäläp dokan halylary, örän täsin milli zergärçilik önümleri we şaý-sepler, deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri we ussat çapyksuwarlar, türkmen tebigatynyň ajaýyp ýerleri – uç-gyraksyz çägelikler we gül açýan oazisler, dag dereleri we Hazar deňziniň kenaryndaky ajaýyp ýerler ... peýda bolýar.

Türkmen ekspoziýalary biziň garaşsyz döwletimiziň serişdeler, ykdysady, maýa goýum, eksport ýa-da medeni kuwwatyny haýsy ýurtda görkezse-de, şol sergileriň ählisine özboluşly milli öwüşgin häsiýetlidir. Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden bolan “Dagdan” toparynyň bu konserte gatnaşmagy serginiň “deňiz” äheňini nygtady. Hemişe bolşy ýaly, zalyň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýerine ýetirilen gadymy küştdepdi tansy iň gyzykly çykyşlaryň biri boldy.

Konsert köp sanly tomaşaçylarda örän ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýere ýygnananlar özlerinde galan ýakymly täsirleri beýan edip, daş-töwerekden “Türkmenistan!” diýen sözi seslerine bat berip gaýtaladylar. Olaryň köpüsi tomaşaçylar zalyndan çykyp barýarka, ýaşyl türkmen baýdajyklaryny ýadygärlik üçin aldylar. Ýöne şu konsert bilen Türkmenistanyň Milli gününiň medeni maksatnamasy tamamlanmady.

Biziň pawilýonymyzyň ýanynda tomaşaçylara türkmen sungaty bilen ýene-de bir duşuşyk garaşýardy. Ähli zat çykyşlara taýýar edilen mahaly, örän güýçli ýagyş ýagyp başlady. Saz enjamlaryny ulanmak barada pikir hem edip bolmaýardy. Muňa garamazdan, tomaşaçylar saýawanlary we ýörite lybaslary ulanyp, bu ýerden gitmäge howlukmaýardylar. Olaryň ynamyny ödemek zerur bolup durýardy. Şu pursat biziň artistlerimiz öz ussatlyklaryny görkezdiler – olar gadymy döwürlerde toýlarda edilişi ýaly, sesi güýçlendiriji enjamlary ulanmazdan, batly hem ýakymly sesleri bilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bagşy bolsa sahnada däl-de, bassyrmanyň aşagynda düşelen halynyň üstünde oturyp, halk dessanlaryndan aýdymlary aýtdy we gyzykly wakalary gürrüň berdi. Ýygnananlaryň köpüsi bagşynyň aýdan zatlaryna düşünmese-de, onuň hakyky ussatlygyna mynasyp baha berdiler. Şondan köpr wagt geçmänkä-de, nirelerdendir bir ýerden oturgyçlar peýda boldy. Tomaşaçylaryň käbiri bolsa düşelen halynyň golaýynda ymykly ornaşdy. Biziň bagşylarymyzyň ussatlygynyň olary özüne maýyl edendigi mese-mälim duýulýardy...

Şol pursat kabul edýän tarapyň çagyrmagy boýunça, Türkmenistanyň resmi wekilleri Koreýa Respublikasynyň pawilýonyna baryp gördüler. Olar şol ýerde her gün tomaşaçylaryň onlarça müňüsini bir ýere jemleýän “EKSPO-2012”-niň iň täsirli tomaşasyny synladylar. Koreýanyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesine salgylanyp, biziň dostlukly ýurtlarymyzyň ekologiýa syýasaty babatda birek-birek bilen tejribe alyşmaga zadynyň köpdügini aýtdylar. Häzirki wagtda, aýratyn hem “Rio+20” maslahaty jähtinden, ekologiýa syýasaty halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugry bolup çykyş edýär.

Soňra bolsa iki ýurduň wekiliýetleri Türkmenistan ekspozisiýasyna tarap ugradylar, şol ýerde gözden geçirilişden başga-da, özara bähbitlere laýyklykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Sergileri guramak işini hem tejribe alyşmak babatda ähmiýetli ulgamlaryň hatarynda görkezmek bolar. Çünki, Türkmenistan bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni we tehnologiýalary öwrenip hem-de özleşdirip, işewürlik we sergi işjeňliginiň halkara merkezi hökmünde ykrar edilýär. Golaýda biziň ýurdumyz Bütindünýä sergi býurosynyň agzalygyna kabul edilmegine dalaşgär bolmak bilen, bu ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalary, mysal üçin, , “EKSPO-2012”-ni guramakda görkezilen tehnologiýalar ýaly tilsimatlary ulanmaga çalyşýar.

Öz nobatynda, Ýosudaky EKSPO-nyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri Türkmenistanyň bu ugurdaky mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Biziň pawilýonymyzda ulanylan maglumatlar materiallaryny bermegiň häzirki zaman usullary, ekspozisiýanyň many-mazmun we estetiki tarapyna dizaýnerçilik çemeleşmeler hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Şunuň tassyknamasy hökmünde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysyna Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň başlygy jenap Kang Dong Sunuň gol çeken Diplomy gowşuryldy. Türkmenistanyň pawilýonynyň ýokary guramaçylyk derejesi, şeýle hem , “EKSPO-2012”-de biziň ýurdumyzyň Milli gününi bezän köp öwüşginli medeni maksatnama şu ýokary sylaga mynasyp boldy.

Jenap Kang Dong Sunuň adyndan şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gowşuryldy. “EKSPO-2012”-niň guramaçylyk komitetiniň adyndan ýollanan hatda Türkmenistanyň Ýosudaky Bütindünýä sergisine gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. “Türkmenistanyň ekspozisiýasy 104 ýurtdan gatnaşýan ekspozisiýalaryň arasynda iň gowularynyň biri boldy” diýip, EKSPO-nyň guramaçylyk komitetiniň başlygy nygtady. Mundan başga-da, jenap Kang Dong Su hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 29-njy iýunda Türkmenistanyň Milli gününiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu gün ägirt uly baýramçylyga öwrüldi, oňa dürli ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar diýlip hatda bellenilýär. Munuň özi bolsa milletiň Lideriniň dünýäniň ähli halklarynyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik we oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijelliliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Ine, şu günki baýramçylyk şeýle dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Ýosudaky sergi bolsa dowam edýär, Türkmenistanyň hoşniýetli dostlarynyň sany barha artýar.