Ï “DA” žurnalynyň ýörite sany Türkmenistana bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“DA” žurnalynyň ýörite sany Türkmenistana bagyşlandy

view-icon 767
>“Diýalog Awrasya Platformu” (“Ýewraziýa Diýalogynyň binýady”) atly halkara gumanitar guramanyň neşir edýän “DA” (Diýalog Awrasya) atly medeni-aň-paýhas žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Halkara žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite owadan suratlar bilen bezelen sanynda ýerleşdirilen çuňňur manyly materiallaryň awtorlary belli döwlet we syýasy işgärler, syýasatşynaslar we žurnalistlerdir.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň häzirki döwürdäki gatnaşyklaryna syn berýän Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň makalasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň maksady anyk beýan edilýär. “Durmuşa geçirýän çärelerimiziň umumy meýli we gutarnykly maksady biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdan ybaratdyr. Biz häzirki ösen we öňdebaryjy tehnologiýalaryň asyrynda ýaşamak bilen, öňde goýlan sepgitlere gysga ýol arkaly ýetmek üçin biziň ýola goýýan hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmalydyrys” diýlip, Türkiýäniň Prezidentiniň makalasynda bellenilýär.


Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri professor Ahmet Dawudoglunyň giňişleýin makalasynda uzak geçmişde kemala gelen we häzirki taryhy eýýamda üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň daşary syýasat ugruna seredilýär.

Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan öz makalasynda häzirki döwürde tutuş dünýäde kemala gelen ykdysady ýagdaýyň jähedinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň geljegini suratlandyrýar.

Žurnalyň halkara okyjylar köpçüliginiň arasynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziň baştutany Miroslaw Ýençanyň makalasynyň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir. Onda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän bu Merkeziň işi hakynlda gürrüň berilýär.

“DA” žurnalynda ýerleşdirilen makalalar ugry boýunça dürli-dürli bolup, türkmen döwletiniň ýangyç-energetika syýasaty, biziň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi, türkmen-ýapon we türkmen-owgan gatnaşyklary, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty barada gyzykly maglumatlar bar.

Žurnal özüniň ýaýradylýan ýurtlarynyň okyjylarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik we döwlet Baştutanymyzyň tutuş dünýäde parahatçylygy goramak bababatda goşýan ägirt uly goşandy hakyndaky makala uly gyzyklanma döreder.

Halkara medeni –aň-paýhas žurnaly bolan “DA” “Ýewraziýa Diýalogynyň Binýady” halkara guramasynyň neşiri bolmak bilen, ol 2000-nji ýyldan bäri rus hem-de türk dillerinde çap edilýär. Žurnal Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň köp sanly ýurtlaryna we Türkiýäniň sebitlerine ýaýradylýar.