Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň ýygyndysy “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ady bilen azerbaýjan dilinde iki kitap bolup çapdan çykdy. “Letterpress” neşirýat öýi tarapyndan çapa taýýarlanan neşirlere döwlet Baştutanymyzyň 2007-nji we 2010-njy ýyllarda eden we biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna bagyşlanan çykyşlary we söhbetdeşlikleri girizildi.
Täze neşirler milletiň Lideriniň özgertmeler ýörelgeleriniň çuňlugyny we täzeçilligini, durmuşa geçirýän syýasatynyň ösüşe gönükdirilendigini hem-de ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny aýdyň şöhlelendirýän örän wajyp çeşmedir. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň işi, hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça başlangyçlary ilerletmekde we durmuşa geçirmekde edýän taýsyz tagallalary netijesinde hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan häzir parahatçylyk dörediji, halkara işlerinde deňhukuklylyk we adalatlylyk ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerýän, ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine giň hyzmatdaşlyk ugruny işjeň durmuşa geçirýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär, biziň ýurdumyz bütin adamzat üçin möhüm bolan ugurlarda, aýratyn hem ählumumy syýasatyň derwaýys meselelerinde, durmuş-ykdysady, medeni- ynsanperwerlik, ekologiýa ugurlarynda netijeli çözgütleri gözlemäge we tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistan öz üstüne alan halkara-hukuk borçnamalaryny doly ýerine ýetirip, sebitleýin we bütindünýä ähmiýetli möhüm wezipeleri çözmekde bilelikdäki özara ylalaşykly hereketleriň möhümdigini nygtaýar.
Şunuň bilen baglylykda, täze neşirleriň Azerbaýjanyň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasyny döretjekdigi gürrüňsizdir. Ýygyndylary düzüjileriň pikirine görä, olarda beýan edilen ýörelgeler dünýäde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlara çuňňur düşünmegiň, ýurduň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu neşirler halkara gatnaşyklary hünäri boýunça bilim alýan aspirantlar we talyplar, şeýle hem diplomatlar we syýasatşynaslar üçin özboluşly gollanma bolup hyzmat eder.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyna we diplomatiýasyna bagyşlanan çykyşlarynyň ýygyndylarynyň azerbaýjan dilinde iki kitap bolup neşir edilmegi dostlukly we hoşniýetli goňşuçylykly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm goşant bolar.