Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň habar beriş serişdelerinde azatlyk meseleleri boýunça wekili hanym Dunýa Miýatowiç Türkmenistanda saparda bolýar. Ol bu ýerde ÝHHG bilen bilelikde geçiriljek Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nobatdaky 14-nji Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Şu gün ÝHHG-nyň wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda biziň ýurdumyz bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky geljegi uly bolan gatnaşyklar, hususan-da, habar beriş serişdeleriniň işi we bu ulgama öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda gatnaşyklar gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem bu ulgamy düzgünleşdirýän milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini netijeli ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň habarlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bellenilşi ýaly, häzirki zaman maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalaryna tarap kesgitlenen ugur, ähli pudaklaryň, şol sanda habar beriş serişdeleriniň işine öňdebaryjy işläp düzmeleriň ornaşdyrylmagy täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary we düzümleri, hususan-da, ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmenistan bu gurama bilen dürli ugurlarda oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Duşuşygyň çäklerinde Aşgabatda 5-6-njy iýulda geçiriljek Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 14-nji Merkezi Aziýa maslahatynyň gün tertibi hakynda pikir alşyldy. ÝHHG bilen bilelikde guralýan bu maslahat HBS ulgamynda özara peýdaly sebitleýin we halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge we öňdebaryjy media tehnologiýalaryny iş ýüzünde ulanmak babatda tejribe alyşmaga ýardam eder diýlip bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary okgunly giňeltmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy. Bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy muňa doly ýardam edýär.
Biziň ýurdumyz bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar meselesi şu gün şeýle hem ÝHHG-nyň habar beriş serişdelerinde azatlyk meseleleri boýunça wekili hanym Dunýa Miýatowiçiň Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda dowam etdirildi. Şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.