Ýurdumyzyň ussat biznes-tälimçileriniň ilkinji toparyna „Gatnaşmaga şahadatnama“ gowşuryldy. Bu çäre USAID-iň „Makroykdysady taslamasynyň“ we Halkara zähmet guramasynyň „Telekeçilik işine başla we ony kämilleşdir“ maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeciler birleşmesiniň mekdebinde bolup geçdi. Ilkinji türkmen biznes-tälimçileriniň arasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan edaralarynyň 15-niň wekilleri, hususy telekeçiler, hojalyk jemgyýetleriniň hünärmenleri,ýolbaşçylar, menejerler, baş hasapçylar, firmalaryň hukukçylary we telekeçilik mekdebiniň sebitleýin sekilleriniň tälimçileri bar.
„Makroykdysady taslamasy“ Türkmenistanda iki sany: döwlet maliýelerini dolandyrmak, şeýle hem oňaýly biznes-jemgyýeti dolandyrmak we döretmek ýaly iki sany möhüm ugur boýunça 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan bäri „Deloitte Konsulting L.L.P.“ kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu taslama biznes-jemgyýeti gowulandyrmak boýunça seljerme geçirmekde, döretmekde we amala aşyrmakda we ykdysadyýetiň hususy bölegine maýa goýumlaryny çekmek üçin bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we beýleki döwlet we husuy hyzmatdaşlara kömek berýär.
„Gatnaşmaga şahadatnasyny“ gowşurmak dabarasy hususy telekeçiligi açmak üçin gerek bolan düşünjeleri telekeçilere düşündirmek boýunça okuwlary guramaga gönükdirilen Halkara Zähmet guramasynyň „Telekeçilik işine başla we ony kämilleşdir“ maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtda tamamlanan treningiň jemini jemledi. Şahadatnamalary Halkara Zähmet guramasynyň maksatnamasynyň ussa-mugallymlary gowşurdylar.
Taslamanyň ilkinji tapgyrynda şahadatnamalary ilkinji bolup alan türkmen biznes-tälimçileriniň öňünde alty ýüzden hem gowrak telekeçiler üçin birnäçe treningleri geçirmek wezipesi durýar. Häzirki wagtda Telekeçiler mekdebi bu okuwlar üçin diňleýjileri ýygnamak işlerini alyp barýar. Bu mugallymçylyk işiniň monitoringiniň, soňra bolsa tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda jemleýji maslahatyň netijeleri boýunça olara hünär synagy geçiriler.