Ï Sanly habar beriş serişdeleriniň halkara tejribesi we işi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sanly habar beriş serişdeleriniň halkara tejribesi we işi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 704
Şu gün türkmen paýtagtynda “Adaty metbugatdan onlaýn-metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 14-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işini tamamlady.

Ozal bellenip geçilişi ýaly, maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň köp sanly düzümi, ýagny Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Owganystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan wekilleriň 50-den gowragynyň, şeýle hem bu babatda halkara we sebitleýin bilermenleriň bolmagy türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda geçirilýän hem-de dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen biziň ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat stategiýasyna dünýä bileleşiginiň artýan gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär.

Tutuşlygyna alnanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda durmuş metbugatyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmegiň meseleleri maslahatyň işiniň ikinji gününiň barşynda edilen çykyşlaryň ählisiniň esasy meselesi boldy. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmegiň milli iş tejribesi, olaryň adaty metbugatdan onlaýn metbugatyna geçmegi hakynda, şeýle hem olary kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň usullary hakynda jikme-jik gürrüň berdiler. Çykyş edenler durmuş babatdaky habar beriş serişdeleri diýen düşünje, olaryň sebitiň döwletlerindäki orny bilen hem tanyşdyrdylar. Degişli Jarnama ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada aýdylanda bolsa, biziň ýurdumyzda bolup geçýän hem-de halkara gatnaşyklary babatdaky wakalary dogruçyl, hemmetaraplaýyn we öz wagtynda beýan etmek häzirki döwrüň habar beriş serişdeleriniň işiniň möhüm tarapy bolup durýandygy bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy ýokary tehnologiki çözgütleri peýdalanmak bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň täze görnüşlerini agtarmak biziň ýurdumyzyň häzirki zaman oňyn syýasaty babatda örän geljegi uly bolup durýar. Şonda ösüş hem-de innowasiýalar döwlet ösüşini düzýän möhüm ugur hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtap aýdyşy ýaly, maglumatlar ulgamy innowasion häsiýete eýe bolmalydyr hem-de biziň halkymyzyň milli häsiýetleri, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik babatda ýokary ruhy däpleri bilen akylly-başly utgaşmagy esasynda halkara ülňülerine laýyklykda işlemelidir.

Bu babatda türkmen döwletiniň abraýly halkara düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyna birinji derejeli ähmiýet berilýär. Nygtalyp geçilişi ýaly, bu abraýly halkara düzüminiň wekilleriniň biziň ýurdumyza köp sanly saparlary türkmen žurnalistleri we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri üçin halkara bilermenleriniň gatnaşmagy bilen ýörite seminarlaryň, okuwlaryň hem-de geňeşmeleriň geçirilmeginiň iş tejribesi gürrüňsiz suratda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda netijeli gatnaşyklary üstünlikli giňeltmäge ýardam edýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça maglumatlar giňişligi ösdürmek, milli köpçülikleýin metbugatyň işini kämilleşdirmek, häzirki zaman multimediýa tehnologiýalaryny, internet ulgamynyň serişdelerini žurnalistiň öz işinde ulanmagy üçin uly möçberli işler geçirilýär.

Biziň ýurdumyzda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi babatda žurnalistleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, tehnologiki mümkinçilikleri peýdalanmak maslahatda gozgalan meseleleriň biri boldy.

Maslahatyň ahyrynda ÝHHG-niň wekili bu wekilçilikli maslahatyň ýokary derejede guralandygy, şeýle hem türkmen topragynda myhmansöýerlik görkezilendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çäksiz hoşallyk bildirdi. Hanym Dunýa Miýatowiç 14-nji Merkezi Aziýa maslahatyň ähmiýeti barada söz açyp, şu duşuşygyň Türkmenistanyň we ÝHHG-niň netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolandygyny, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda netijeli sebitleýin gatnaşyklar üçin oňat mümkinçiligi döredendigini nygtady.