Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýän “Adaty metbugatdan onlaýn-metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 14-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.
Wekilçilikli maslahaty geçirmek üçin Aşgabadyň saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň hem-de türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän we dünýäniň ähli ýurtlary hem-de abraýly halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz ösdürmegi maksat edinen oňyn daşary syýasat strategiýasynyň giňden ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Duşuşyga gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza resmi adamlar, jemgyýetçiligiň we akademiki toparlaryň wekilleri, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Owganystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan žurnalistler, şeýle hem halkara we sebitleýin bilermenler geldiler.
Türkmenistandan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Merkezi Aziýa maslahatynyň işine ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahata çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, daşary ýurt habarlar agentlikleriniň wekilleri hem bar.
Adaty metbugatdan onlaýn habar beriş serişdelerine geçmegiň geljegini, sanly habar beriş serişdelerini ösdürmekdäki meýilleri, şol sanda habar beriş serişdeleriniň işini düzgünleşdirmek baradaky halkara ülňüleri maslahatyň gün tertibine girizildi.
Maslahatyň açylyş dabarasynda nygtalyp geçilişi ýaly, şu duşuşygyň geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň garamagyna girizilen meseleleriň möhümdigine şaýatlyk edýär. Maslahat habar beriş serişdeleriniň işiniň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny işläp taýýarlamaga, umumy mümkinçilikleri birleşdirmäge hem-de sebitleýin we dünýä derejesinde toplanan özara gatnaşyklaryň tejribesiniň peýdalanylmagyna ýardam eder, onuň maglumatlar bileleşigi üçin möhüm waka boljakdygy şübhesizdir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde bolup geçýän wakalary dogruçyl, hemmetaraplaýyn we öz wagtynda beýan etmegiň häzirki zaman metbugatynyň işiniň esasy bolup durýandygy nygtalyp geçildi. Şonuň üçin hem ýokary tehnologiki çözgütleri peýdalanmak bilen, habar beriş serişdeleriniň işiniň täze çemeleşmelerini hem-de usullaryny agtarmak häzirki wagtda örän möhümdir.
Mahlasy, maglumatlar ulgamy innowasion häsiýete eýe bolmalydyr we halkara ülňülerine laýyklykda işlemelidir, olaryň ornaşdyrylmagy umumy ykrar edilen kadalaryň hem-de her bir halkyň taryhynyň, medeniýetiniň we özboluşly aýratynlyklarynyň akylly-başly sazlaşygy esasynda amala aşyrylmalydyr.
Bu babatda habar beriş serişdeleriniň işiniň kanunçylyk- hukuk esaslarynyň, bilim beriş ugurlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy möhüm meseleler bolup durýar. Şundan ugur alyp, maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň bu ugry häzirki duşuşykda işjeň ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň tejribesiniň, onuň esasy halkara guramalarynyň biri hökmünde abraýynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda sebitleýin gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenip geçildi.
Türkmenistan ÝHHG-niň çäklerinde şeýle hyzmatdaşlygyň uly geljegini aýdyň görýär, ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda mese-mälim işjeňleşdi hem-de täze derejä çykdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ÝHHG-niň degişli düzümleriniň gönüden-göni gatnaşmagynda döwlet edaralarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri we beýlekiler bilen dürli okuwlar, tälim beriji seminarlar, geňeşmeler we beýleki çäreler guraldy. Bu ulgamda biziň ýurdumyzyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelere hem-de ülňülere esaslanýandygy we türkmen döwletiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän maglumatlar syýasatyna doly laýyk gelýändigi aýratyn bellenip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça Türkmenistanda maglumatlar giňişligini ösdürmek, garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek, multimediýa tehnologiýalaryny peýdalanmak, Internet ulgamyna aralaşmagy giňeltmek boýunça uly möçberli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklara we maglumatlar ulgamynda has möhüm ugurlar boýunça tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu babatda häzirki maslahat maglumatlar giňişliginde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine möhüm goşant bolar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýän jenap Iwo Petrow onyň ýokary guramaçylyk derejesine ýardam edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyzyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi, şol hyzmatdaşlykda möhüm ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ugry boýunça bilelikdäki işiň uly oňyn tejribesi bar.
Öz nobatynda ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli meseleler boýunça wekili hanym Dunýa Miýatowiç Aşgabat duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleleriň diňe bir Merkezi Aziýanyň döwletleri üçin däl, eýsem, dünýäniň ähli ýurtlary üçin hem möhümdigini nygtady. Onuň belleýşi ýaly, bu maslahat Türkmenistan bilen ÝHHG-niň oňyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädimdir, şeýle hem oňa gatnaşyjylaryň hemmesi üçin habar beriş serişdeleriniň işine degişli ugurda pikir hem-de öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda oňat mümkinçilikdir.
Maslahatyň barşynda däp bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde durmuş ugurly habar beriş serişdelerine geçmek, Interneti, Internet-telewideniýäni, IP-telewideniýäni hukuk taýdan düzgünleşdirmek meseleleri, bu ugurda halkara ülňülere we beýleki mowzuklar boýunça, şol sanda sanly habar beriş serişdelerini ösdürmegiň meýilleri hakynda halkara bilermenleri çykyş etdiler. Maslahatyň işiniň birinji gününiň çäklerinde meşhur “Albany Associates” halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan “Onlaýn we durmuş ugurly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini düzgünleşdirmek meseleleri” atly ussatlyk sapagy hem berildi.
Ertir paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda maslahat öz işini dowam eder, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan bilermenler durmuş ugurly metbugaty we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek, däp bolan habar beriş serişdelerini onlaýn habar beriş serişdelerine öwürmek, şeýle hem Türkmenistanda täze taryhy eýýamda maglumatlar syýasatynyň möhüm meseleleri we başgalar ýaly mowzuklarda çykyş ederler.