Garaşsyzlygyny alanyndan soňra tiz wagtda Türkmenistan Helsinki jemleýji akta gol çekdi hem-de ÝHHG esaslandyryjyÝewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiň doly hukukly agzasy boldy.
Türkmenistan ÝHHG birleşmek bilen, mundan beýläkki ösüş ýolunda demokratik özgertmeler ýoluny saýlap aldy. Şunluk bilen birlikde ýaş garaşsyz döwlet bu Guramanyň umumy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny paýlaşmaga taýýardygyny görkezdi, özüniň bu gurama gütnaşmagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge hem-de ÝHHG netijeli işine goldaw bermäge taýýardygyny aýan etdi.
ÝHHG 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap Orta Aziýa has uly üns berip başlady. ÝHHG häzirki Başlygynyň we Guramanyň ýokary wezipeli wekilleriniň saparlary Aşgabatda, Almatyda, Bişkekde we Taşkentde, ÝHHG Merkezini açmak üçin esaslary taýýarlamaga şert döretdi, Duşenbede bolsa ÝHHG edarasy 1994-nji ýylda açyldy.
Türkmenistan bilen ÝHHG arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky Türkmenistanyň çözgüdine jogap hökmünde gurama agza ýurtlaryň ählisiniň wekilleri girýän kararlary kabul etmek boýunça Guramanyň baş syýasy organy bolan ÝHHG Hemişelik geňeşi 1998-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda ÝHHG Merkezini döretmek boýunça bir agyzdan ses berdi. Bu merkez 1999-njy ýylyň ýanwaryndan işläp başlady. Şu geçen döwrüň içinde bu guramanyň işi ýurduň esasy ugurlaryna we zerurlyklaryna laýyklykda we ýüze çykýan global hem-de sebitleýin meseler boýunça yzygiderli giňeldildi.
Bu merkez durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, öz işini onuň ýurtda iş ýüzünde amala aşyrýan başlangyçlaryna goldaw bermek boýunça düzmek baradaky başlangyçlaryny elmydama makullady.
ÝHHG Owganystan bilen özara hereketi güýçlendirmek meselesine özüniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar we Owganystanyň ýolbaşçylary bilen syýasy geşleşikleri geçirmekde Türkmenistanyň ornuna uly baha berýär. Şeýle hem ÝHHG Türkmenistan özüniň günorta goňşusyna ynsanperwer we ykdysady kömegi yzygiderli berýändigine oňat hilli baha berýär. 2009njy ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň gümrük-serhet gulluklarynyň işgärleri üçin trening geçirmek boýunça ÝHHG taslamalartynyň wajyplygyny ykrar etmek bilen, ÝHHG 2014-nji ýyldan soňky döwürde Owganystana kömek bermekde syýasy çagyryşlary çözmek boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar.
Energetika howpsuzlygy boýunça gepleşikleri geçirmäge goldaw bermek soňky birnäçe ýylyň dowamynda ÝHHG we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Howpsuzlyk meselesine köp aspektli çemeleşilmegi netijesinde we hem önüm öndüriji ýurtlary, hem üstaşyr geçirýän ýurtlary we energiýa serişdelerini sarp edýän ýurtlary özünde birleşdirýän ÝHHG energetika howpsuzlyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna goldaw bermek üçin ajaýyp forum bolup durýar. Soňky iki ýylyň dowamynda energetika howpsuzlygy meselelri boýunça Türkmenistanda guralan ýokary derejedäki iki sany halkara maslahaty, şeýle hem energetika diplomatiýasynyň meseleleri boýunça geçirilen birnäçe maslahat bu ulgamda ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyklar muňa aýdyň mysal bolup durýär. Degişli döwlet dolandyryş meseleleri, daşky gurşawa we suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça taslamalar, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi hem-de ulag aragatnaşygyny ösdürmäge goldaw bermek ykdysady we ekologiki ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň beýleki mysallary bolup durýar.
Ynsanperwer ulgamynda öz işleriniň çäklerinde Merkez halkara talaplaryna laýyklykda hukuk özgertmelerini amala aşyrmakda goldaw bermek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Gender deňligini öňe sürmek, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde hukuk bilmi ulgamyna goldaw bermek adam ölçegleri ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň beýeleki meseleleri bolup durýar. Mundan hem başga Merkez halkara talaplaryna laýyklykda adam ölçegleri ulgamynda kanunçylyk namalaryna teswirnamalary işläp taýýarlamaga goldaw berýär. ÝHHG Merkezi şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary üçin maslahatlary berip durýar we özüniň web-saýtynda ähli çap edilen milli kanunçylyk namalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşan halkara şertnamalarynyň maglumat binýadyny teklip edýär. Mundan hem başga, Merkez jemgyýetçilik guramalary tarapyndan amala aşyrylýan adam ölçegleri ulgamyndaky başlangyçlary goldaýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda Merkez köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltdi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, žurnalistika ulgamynda habary we bilimi almak meseleleri boýunça döwlet guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekligini dowam etdirýär. Şeýle hem Merkez köpçülikleýin habar beriş ulgamynda ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek işine goldaw bermekligi dowam etdirýär.
Türkmenistanyň ÝHHG agza bolmagynyň 20 ýyllygyny bellemek bilen, Helsinki jemleýji aktyna sol çekilen pursatyndan bäri ÝHHG we Türkmenistan bilelkde uzak ýoly geçendigini bellemelidiris. Türkmenistan ÝHHG işine önjeýli goşant goşýar we ýurtda ýaňy - ýakynda habar beriş serişdeleri boýunça geçirilen 14-nji Orta Aziýa maslahatyny goşmak bilen ÝHHG-ň halkara hem-de sebitleýin çärelerini geçirmek boýunça yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary ýurduň ÝHHG syýasatyny we ýörelegelerini emele getirmäge işjeň gatnaşamaga bidirýän gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. ÝHHG-ň Aşgabatdaky Merkezi mundan beýläk hem öz işini bilelikdäki gazanylanlar esasynda alyp barar hem-de ÝHHG anyk syýasy ädimler we hereketler boýunça ýörelgelerini we borçnamalaryny amala aşyrmakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etidrer.