Ï Türkmenistanda gazyň ägirt uly gorlary – BP kompaniýasynyň maglumatlar binýadynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda gazyň ägirt uly gorlary – BP kompaniýasynyň maglumatlar binýadynda

view-icon 767
Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde 2011-nji ýylda energetikanyň ösüş depgini hakynda hasabat ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu ýygyndy dünýäde ikinji orny eýeleýän nebitgaz kompaniýasynyň – BP kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň hasabat ýygyndysynyň” esasynda taýýarlanyldy. Şu maksat bilen türkmen paýtagtyna BP kompaniýasynyň wise-prezidenti we baş ykdysatçysy jenap Kristof Rýul geldi.

Dabara Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dürli ýurtlarda her ýyl geçirilýän bu tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilip, öz nobatynda dünýä bileleşiginiň iri energetika döwleti hökmünde biziň ýurdumyza artýan gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Gaffney, Cline & Associates kompaniýasynyň baha bermegine görä, diňe “Galkynyş” käninde tebigy gazyň möçberi 26 trillion kub metrden hem geçýär.

Dabaranyň çäklerinde jenap Kristof Rýul geçen ýyl energetika bazarlarynyň ösüş meýilleri, energiýa serişdelerine bolan islege ykdysadyýetleriň täsiri, nebitiň we gazyň çykarylýan we sarp edilýän möçberleriniň ösüş depgini, şeýle hem uglewodorod serişdeleriniň bahalary we beýlekiler hakynda gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäde gazyň iň köp sarp edilýän ýeri hökmünde Hytaý hasaba alyndy. Munuň özi Türkmenistandan iberilýän “mawy ýangyjyň” hasabyna hem üpjün edildi.

Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun eýeläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan energetika maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrýar. Tebigy gazyň çykarylýan we iberilýän möçberleriniň artmagy, onuň dünýäniň iri bazarlaryna iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy şol maksatnamanyň möhüm ugurlary bolup durýar. Dünýä bazarlarynda bolsa energiýa serişdelerine bolan isleg durnukly artýar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda jenap Kristof Rýulyň belleýşi ýaly, bar bolan resmi maglumatlaryň seljermesiniň esasynda BP kompaniýasy gazyň ägirt uly gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini tassyklaýar. Bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň bar bolan we täze guruljak gaz geçirijilerini “mawy ýangyç” bilen islendik möçberde üpjün edip biljekdiginiň kepili bolup durýar.

Dünýäniň iri nebitgaz kompaniýasynyň şeýle uly baha bermegi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze derejesine çykandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanynyň umumydunýä ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge goşandynyň täsiri günsaýyn artýar.

BP kompaniýasynyň taýýarlan “Dünýä energetikasynyň 2030-njy ýyla çenli ösüşiniň çaklamasyna” laýyklykda Türkmenistanyň halkara energetika bazarynda uly orun eýeleýändigini bellemek gerek.

BP kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň hasabat synynyň”, Halkara energetika agentliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir bölümleriniň, Bütindünýä bankynyň dürli neşirleriniň, şeýle hem milli serişdeleri we beýleki dürli maglumatlary peýdalanmagyň esasynda düzülen bu çaklama dünýäniň energetika bazarlarynyň 2030-njy ýyla çenli ösüşiniň uzakmöhletleýin meýillerini ýüze çykarmagy maksat edip goýýar. Munuň nazarýetçileriň däl-de, hünärmenleriň çaklamasy bolup durýandygyny bellemek gerek.

Çaklamada oýlanyşykly syýasatyň häzirki döwrüň özara bagly ählumumy wezipelerini – dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň günsaýyn artýan energetika hajatlaryny kanagatlandyrmak we energiýa serişdelerini durnukly, howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmegi üpjün etmek bilen bagly wezipeleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren we dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlarynyň tiz durmuşa geçirilmegi, hünärmenleriň pikirine görä, bu umumydünýä wezipesini çözmekde aýgytlaýjy orny eýelär.

BP kompaniýasynyň wise-prezidenti we baş ykdysatçysy jenap Kristof Rýulyň belleýşi ýaly, dünýäniň esasy kompaniýalary üçin uly ähmiýete eýe bolan her ýyllyk pudaklaýyn hasabat ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasyny Aşgabatda ilkinji gezek geçirmäge döredilen mümkinçiligiň dünýäniň nebitgaz işewürleriniň Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup durýar.