16-njy iýulda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň Tähranda bolan nobatdaky 12-nji mejlisinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de geljegi hakynda gyzyklanylyp pikir alşyldy, şol mejlis türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Işewürlik, oňyn ýagdaýda geçen mejlisde öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toparyň agzalary söwda-ykdysady ulgamda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde däp bolan gumanitar hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, munuň özi iki goňşy halklaryň taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy umumylygy bilen şertlenendir.
Mejlise gatnaşyjylar yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň iş ýüzünde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, toparyň işiniň geljekde hem taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegine, bilelikde işlemegiň köp ýyllyk oňyn tejribesine we iki ýurduň özara bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmaga meýline daýanýan netijeli türkmen-eýran gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiň jemleri kabul edilen degişli teswirnamada beýan edildi.
Ozal bellenip geçilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň mejlisiniň işiniň çäklerinde iki taraplaýyn işewürlik maslahaty boldy.
Düzümine iki ýurduň hökümetiniň we işewürleriniň wekilleri giren toparlaryň ýokary derejesi taraplaryň geçirilen duşuşyga berýän ähmiýetine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu maslahata gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti Tähranda boldy. Onuň düzümine ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, degişli ministrlikleriň we önümçilik ulgamlaryň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esasy hünärmenleri girdiler.
Eýran tarapyna nebitgaz we nebithimiýa ulgamynda, gurluşyk senagatynda, maşyn gurluşykda, azyk senagatynda, söwda ulgamynda we beýleki ugurlarda işleýän iri kompaniýalaryň 300-siniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Olaryň içinde Türkmenistanda eýýäm tanalýan, şeýle hem türkmen bazaryna indi gyzyklanma bildirýän birleşikler we kärhanalar bar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan iki goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi babatda pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depgini bellenildi. Ony artdyrmaga bolsa ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri hem öz goşandyny goşýarlar, şeýle hem haryt dolanyşygyny ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna ýetirmek barada pikir aýdyldy.
Dostlukly goňşy ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlaryna ýol gurluşygynda, ulag ulgamynda, azyk senagatynda öz öňdebaryjy işläp düzmelerini we innowasion tehnologiýalaryny bermäge, şeýle hem gurluşyk materiallaryny, guşçulyk pudagynyň enjamlaryny we beýlekileri ibermäge taýýardygyny aýtdylar. Öz nobatynda türkmen tarapy goňşy Eýrana dünýä bazarynda uly islege eýe bolýan elektrik energiýasyny we energiýa serişdelerini, şeýle hem beýleki ýokary hilli önümleri ibermek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taraplaryň gyzyklanmasyny tassyklan maslahatyň işiniň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda 2013-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýedinji ýöriteleşdirilen sergisini, Tähranda Türkmenistanyň önümleriniň sergisini geçirmek, şeýle hem Söwda öýlerini açmak hakynda ylalaşyklary ilerletmek boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan we Eýran hakynda wideorolikler görkezildi. Olarda iki ýurduň ykdysady kuwwaty we ony ösdürmegiň geljegi, baý medeni mirasy hakynda jikme-jik gürrüň berýän maglumatlar bar.
Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň we dürli edaralarynyň wekilleriniň arasynda “tegelek stollar” we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň ykdysady gatnaşyklaryny hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam etjek bilelikdäki täze taslamalar hakynda düýpli gürrüň edildi.