Ï Aşgabatda dünýäniň lukmançylyk boýunça wekilleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda dünýäniň lukmançylyk boýunça wekilleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 745
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde däp boýunça geçirilýän “Saglyk-2012” atly ýöriteleşdirilen halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini jemledi. Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy gorýyş we derman senagaty ministrligi we Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp guraldy.

Üç günüň dowamynda sergä gelen köp sanly adamlara döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň hem-de ýurdumyzda önüm öndürijileriň we Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatldaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalaryň dermanlyk serişdeleriniň uly toplumy görkezildi.

Bu çäräniň çäklerinde geçirilen ylmy maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar 13 sany bölüm boýunça belli-belli ugurlara degişli ylmy-kliniki merkezleriniň, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň we paýtagtymyzdaky myhmanhanalaryň mejlis geçirilýän jaýlarynda guralan mejlisleriň barşynda häzirki döwürde lukmançylyga degişli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bölümlerde “Hirurgiýa”, “Kardiologiýa we kardiohirurgiýa”, “Trawmatologiýa we ortopediýa”, “Içki keseller”, “Enäniň we çaganyň saglygyny goramak”, “Onkologiýa”, “Oftalmologiýa”, “Stomatologiýa”, “Ýokanç keseller”, “Epidemiologiýa”, “Saglygyň tebigy çeşmeleri”, “Lukmançylykdaky täze tehnologiýalar” we “Sagdyn durmuş ýörelgesi” ýaly ýörite ugurlar boýunça pikir alyşyldy.

Çykyş edenler lukmançylygyň ýokanç keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak, nawigasion hirurgiýa we utgaşdyrylan operasion amallary, laboratoriýa bilen bagly lukmançylyk, rentgen-anyklaýyş, şypahanalar ulgamy, tebigy dermanlyk serişdeler, stomatologiýada ortopediýa taýdan bejeriş geçirilende diş protezleriniň implantasiýasy, oftalmologiýada lazerli hirurgiýa ýaly dürli ugurlaryň özara baglanyşyklydygy barada aýtdylar.

Bölümler boýunça mejlislere gatnaşanlar – türkmen we daşary ýurt hünärmenleri ýüzlerçe çykyşlary ara alyp maslahatlaşdylar, şol çykyşlarda häzirki döwürde medisina ylymlarynyň köp sanly ugurlary boýunça öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalar we innowasiýalar barada maglumatlar beýan edildi.

Bu çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky käbir klinikalarda, hususan-da, Göz kesellerini bejermek boýunça halkara merkezinde, S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezinde we Halkara trawmatologiýa merkezinde bilelikde hirurgiki operasiýalar üstünlikli geçirildi.

Düzülen maksatnama laýyklykda, myhmanlar üçin medeni çäreler guraldy – olar Aşgabat şäherine gezelenç etdiler hem-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýine, “Türkmen haly” milli muzeýine we Aşgabadyň atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler.

Şu günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde “Saglyk-2012” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasy bolup geçdi, şonda lukmançylyga degişli çärä gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Bu çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şeýle wekilçilikli foruma gatnaşmaga oňaýly ýagdaýyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de bu çäräniň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki giň mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak arkaly, Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berendigini bellediler.

Agşam lukmançylyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky “Aşgabat” amfiteatrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hormatyna guralan baýramçylyk konsertine çagyryldy.

*** Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan guralan “Saglygy goraýyş we bilim” atly halkara maslahat öz işini tamamlady.

Ozal habar berlişi ýaly, halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabatda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Çehiýanyň saglygy goraýşyň we derman senagaty boýunça hünärmenleri, iri ylmy-kliniki merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Türkmen tarapyndan bu maslahata ýurdumyzyň alymlary we ylmy-kliniki merkezleriniň hünärmenleri, okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlar we talyplar gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Awisenna Direktoratlygynyň” Bütindünýä maglumatlar goruna girizilendigi baradaky resminama gowşurmak dabarasy bolup geçdi.

Kopengagen uniwersitetiniň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we Lukmançylyk biliminiň Bütindünýä federasiýasy bilen bilelikde goldanylýan Bütindünýä maglumatlar gory saglyk ulgamyndaky bilim edaralary barada maglumat almak, okamak ýa-da akademiki barlaglary geçirmek meýli bolan ähli adamlar üçin açyk internet-resurs bolup durýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bu resmi gorunda bolmak islendik ýokary lukmançylyk mekdebi üçin örän uly abraýdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde işgärleri taýýarlamagy ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalarynyň üns berilmäge mynasypdygy hem-de birentek ýurtlar üçin nusga bolup biljekdigi bellenildi.

Şu ýagdaýlar türkmen döwletiniň milletiň saglygyny goramak boýunça syýasatyny üstünlikli amala aşyrýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Maslahatda bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň barşynda oňa gatnaşyjylar saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi boýunça toplanan tejribe, hususan-da, lukmançylyga degişli dersleri okatmak we öwrenmek boýunça innowasiýalaryň orny barada pikir alyşdylar. Şeýle hem tebigatyň bejeriji mümkinçiliklerini lukmançylyk bilen bagly maksatlar üçin ulanmak meselesine bagyşlanan dürli ylmy barlaglar baradaky gyzykly pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň fitoterapiýa boýunça toplan baý tejribesi daşary ýurtly alymlarda uly gyzyklanma döretdi.

Çykyşlaryň agramly bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmakda gazanylan anyk netijelere bagyşlandy, şol syýasat pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrylmagyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Maslahata gatnaşanlaryň pikirine görä, ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda we bilim ulgamynda gazananlaryna bagyşlanan bu halkara maslahaty Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň maksatlaryny äşgär etdi hem-de lukmançylyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giňden tejribe alyşylmagyna ýardam berdi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda lukmançylyk boýunça işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmek hem-de lukmançylyk ylmynyň we bilimiň ösdürilmegine ýardam berýän netijeli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tejribe alşylmagyna mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.