Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň we Milli golýazmalar institutynyň alymlary şeýle-de dürli ylmy düzümleriniň hünärmenleri Rumyniýanyň paýtagtynda geçirilen “Ýüpek ýoly.Taryhy we gelejegi” atly Halkara ylmy maslahatyna gatnaşdylar .
Türkmen alymlarynyň çykyşlary biziň ýurdumyzyň gadymy şäherleri bolan Merw, Amul, Köneürgenç, Feraw şeýle hem Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäheleriniň taryhy ornuna bagyşlandy. Ondan başga-da Ýüpek Ýolunyň ugrunda hazirkizaman ulag ýollarynyň döredilmegi baradaky meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiyasynyň arheologiýa we etnografiýa Institutynyň bölüm müdiri Aýdogdy Gurbanowyň habar berşine görä soňky ýyllar türkmen hünarmenleriň işjeňligi has –da artdy. Mundan öň institutyň ylmy wekiliýeti Gollandiýanyň paytagtynda geçirilen etnografiýa we taryh ulgamynyň derňewlerine bagyşlanan Halkara ylmy maslahatyna gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen arheologik işleriniň we etnografik derňewleriniň netijelerine we ugurlaryna seredildi.
Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň şu günki güni barada kinolaryň we slaýdlaryn görkezilşi boldy, şeýle-de Stawropol türkmenleri hakynda etnografik işleriniň sergisi geçirildi. Maslahatyň dowamynda dürli ýurtlaryň ylmy merkezleriniň wekilleri türkmen alymlar bilen hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda leksiýalary we okuwlary geçirmeklik hem-de bilelikde ekspedisiýalary gurnamaklyk we gözlegleri geçirmeklik soraglaryna seredildi.