Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň nobatdaky mejlisi boldy, oňa bu uly möçberli taslama gatnaşýan ýurtlaryň 4-siniň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda taslamany bahym amala aşyrmagyň wajypdygy nygtaldy hem-de şu ugurda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigi ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrýan şu dörediljek konsorsiuma öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe institutlaryny çekmek maksady bilen, dünýäniň aýry-aýry künjeklerinde duşuşyklary we tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek üçin işewürlik tapgyryny guramak şu duşuşygyň gün tertibine goşulan esasy meseleleriň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde şol çäräniň guralmagyny oňlap, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika boýunça ýöredýän syýasatynyň möhüm ähmiýetli jähedi bolup durýandygyny hem-de däp boýunça ýurdumyzyň şol hyzmatdaşlygy hoşniýetlilige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guraýandygyny belledi.
Ozal habar berlişi ýaly, 2012-nji ýylyň 23-nji maýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda III Halkara gaz kongresiniň açylyş dabarasynda ýurtlaryň degişli pudak edaralarynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak baradaky şertnamalara gol çekildi hem-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiniň 15-nji mejlisiniň barşynda bu taslama boýunça geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol mejlisde taslamany maliýeleşdirmegiň hem-de gaz geçirijiniň gurulmagyny we geljekde ulanylmagyny üpjün etjek konsorsiumy döretmegiň nobatdaky möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi. Has takygy, häzirki wagtda ähli zerur hukuk binýadynyň döredilendigi nygtaldy.
Işewürlik tapgyryny dürli sebitleriň işewürçilik we maliýe merkezlerinde—Singapur, Nýu-Ýork, London şäherlerinde geçirmek göz öňünde göz tutulýar. Şol çäräniň geçirilmegi Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagyna iri we esasy halkara kompaniýalarynyň, maýadarlaryň çekilmegine güýçli itergi berer hem-de halkara jemgyýetçiligini bu taslama bilen giňden tanyşdyrmak üçin oňaýly şertleri döreder. Mejlisiň barşynda şol duşuşyklara we tanyşdyrylyş çäresine gatnaşmak üçin çagyryljak kompaniýalaryň sanawyna garaldy.
Sebit derejesinde wajyp ähmiýetli bu taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly çäreleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazyň iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen strategiýasyny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryna laýyklykda çaltlandyrylýar.
Ýeri gelende ýatlatsak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, uzynlygy 1735 kilometre ýetýän TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň gündogar sebitinden gözbaş alyp gaýdar, şol ýerde iri gaz ýataklary ýerleşýär. Soňra gaz geçiriji Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden çekilip, pakistan-hindistan serhedinde Hindistanyň Fazilka diýen ilatly nokadyna ýetiriler. Bu gaz geçiriji arkaly, ýylda 30 milliard kub metrden gowrak möçberdäki türkmen tebigy gazy uzak möhletiň dowamynda iberiler.
Ozal birnäçe gezek bellenilişi ýaly, bu transmilli gaz geçirijiniň çekilmegi ykdysady wezipeleri berjaý etmekden daşgary, taslama gatnaşýan ýurtlara durmuşa we gumanitar ugra degişli möhüm ähmiýetli meseleleriň birnäçesini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny, gazyň çekilen ugrunda ulag-kommunikasion we durmuşa degişli desgalaryň düzümini döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer we bu has möhüm tarapy – tutuş sebitde syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň saklanmagyna ýardam berer.
Mejlise gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň TOPH gaz geçirijsiniň gurluşygy boýunça taslamanyň iş ýüzünde tiz amala aşyrylmagyna we türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildrýändiklerini tassykladylar hem-de bilelikdäki çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilip, ozal baglaşylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine degişli beýleki meseleleriň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň agzalary Aşgabatda geçirilen şu mejlisiň energetika boýunça dünýä derejesindäki giňişlikde özara arkalaşykly hereket etmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrülendigini hem-de ýakyn geljekde dünýä derejesinde uly ähmiýete eýe bolan täze uly energetiki köprüniň şol giňişlige goşuljakdygyny bellediler.
Ertir TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň mejlisi öz işini dowam eder.