Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynyň netijeleri barada habar bermek maksady bilen, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, maslahatyň barşynda milli parlamentariler täze kanun taslamalary we kadalaşdyryş-hukuk resminalaryny oňladylar we biragyzdan kabul etdiler.
Olaryň hatarynda daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan “Serhetüsti suw akarlaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Halkara sergileri hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankyny döretmek hakynda Ylalaşygyň 1-nji we 18-nji maddalaryna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklamak hakynda” hem-de “Raýat we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hakynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararlary bar.
Metbugat maslahatynyň barşynda milli hem-de daşary ýurtlaryň metbugat, telewideniýe we radio wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň öňünde ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, hususan-da, halkara we parlamentara gatnaşyklar hem-de adam hukuklary boýunça komitetleriň, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Suw hojalyk ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çykyş etdiler we sowallara jogap berdiler.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz sebitleýin we ählumumy ösüş boýunça köp sanly parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary we oňyn teklipleri öňe sürmek bilen, abraýly halkara guramalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Türkmenistan birnäçe halkara ylalaşyklara we konwensiýalara gatnaşmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.
Şu jähetden metbugat maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden “Serhetüsti suw akarlaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Konwensiýa goşulmak hakyndaky” Kararynyň ähmiýeti barada giňişleýin syn berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň, şeýle hem “Rio+20” Bütindünýä sammitiniň belent münberinden çykyş etmek bilen, ekologiýa pudagyny möhüm meseleleriň biri hökmünde görkezdi we şeýlelikde, ählumumy howanyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy hem-de çölleşmä garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini kesgitledi.
Türkmenistan ähli ýurtlaryň özara gyzyklanmalaryny nazara almak arkaly netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny ugur edinýär we suw serişdelerini netijeli ulanmak babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär diýip, çykyş edenler bellediler.
Orta Aziýada howa hem-de geografiki ýerleşiş aýratynlyklary nazara alanyňda, ähli ekologiýa meseleleri sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde çözülip bilner. Hususan-da, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsiri bolan möhüm ugurlaryň biri hökmünde öňe çykýar. Dostluk hem-de doganlyk esaslaryna daýanýan köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň alamatyna öwrülen “Dostluk” suw howdany Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde guruldy.
Ösümlik dünýäsiniň netijeli goragyny hem-de onuň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça hukuk esaslaryny ýola goýýan Türkmenistanyň “Ösümlik dünýäsi hakyndaky” Kanunynyň taslamasyna geçen maslahatda milli parlamentariler tarapyndan seredilmegi we onuň kabul edilmegi Türkmenistanyň ekologiýa pudagynda öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň Mejlisiniň “Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” Karary barada bellemek bilen, Türkmenistanyň “Bosgunlar hakyndaky” Kanunynyň taslamasynyň derwaýysdygy aýdyldy. Täze kanun taslamada daşary ýurt raýatlaryny we raýatsyzlygy bolmadyk bosgunlary biziň ýurdumyzyň çäklerinde ykrar etmegiň tertibi kesgitlendi we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk esaslaryna laýyklykda, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygynyň ykdysady, durmuş we hukuk kepillikleri ýola goýuldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklary ulgamyna doly hukukly agza bolmak bilen, ynsanperwerligiň ýokary ýörelgelerine, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň esaslaryna daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz möhüm halkara wezipeleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar we häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdine täzeçe çemeleşmeleri öňe sürýär hem-de ähli gyzyklanma bildirýän talaplar bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny aýdyň beýan edýär.
Milli Liderimiziň ýurduň abadançylygyna, şeýle hem diňe bir sebitleýin däl, eýsem, ählumumy möçberde dünýä döwletleriniň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürýändigi bellärliklidir.
BMG-niň Ýokary komissarynyň bosgunlaryň işi boýunça Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, biziň ýurdumyz dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegine mynasyp goşandyny goşýar we bosgunlara kömek bermek hem-de olaryň hukugyny goramak boýunça maksadalaýyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Şu ýylyň maý aýynda türkmen paýtagtynda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň geçirilmegi we onuň halkara bileleşiginde giň seslenmä eýe bolmagy milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren degişli teklibiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginden nyşandyr.
Bosgunlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek öňi bilen türkmen halkynyň ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerine, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Döwletimiz tarapyndan bosgunlar üçin mynasyp durmuş şertleri döredilýär. Raýatlygyň berilmegi bu adamlaryň durmuş ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berýär we olaryň köp sanly ýeňilliklerden peýdalanmagyny, bilim almagyny, işe durmagyny, lukmançylyk we beýleki kömekleri almagyny şertlendirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy düzümleri, hususan-da, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, köpýyllyk gatnaşyklaryň netijesinde bu ugurda ägirt uly işler bitirildi. Biziň ýurdumyzda raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak boýunça Maksatnamanyň çäklerinde hereket etmegiň anyk meýilnamasy işlenip düzüldi.
Mejlisiň “Halkara sergileri hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” kabul eden Karary şu günki metbugat maslahatynyň esasy mowzugyna öwrüldi. Biziň ýurdumyzyň dünýäniň syýasy giňişliginde barha ýokary galýan abraýyny bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar ýurtda däbe öwrülen halkara sergileriniň we maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Türkmenistan tejribe alyşmak we ägirt uly serişdeler kuwwatyny açyp görkezmek üçin oňyn mümkinçilikleri öňe sürmek bilen, türkmen halkynyň taryhy we gadymy däpleri bilen dünýä halklarynyň tanyşmagyna giň ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna laýyklykda, Aşgabat häzirki döwürde halkara maslahatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde halkara ylmy simpoziumlary, duşuşyklary, maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi has-da ýygjamlaşdy. Şu ýylyň 2-nji awgustynda geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sergileriň 11-sini gurady, olaryň 5-si daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň 2010-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasyndaky we 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasyndaky Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşandygyny bellemeli. Ýakynda Bütindünýä sergi býurosynyň agzalygyna dalaşgär bolmak bilen, biziň ýurdumyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary bu ulgama işjeň ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Metbugat maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň jähetinde Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynda kabul edilen birnäçe möhüm Kararlaryň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, biziň ýurdumyzyň halkara syýasy ulgama goşulyşmagyny şertlendirer diýip bellediler.