Ï Ekologiýa ulgamynda türkmen-koreýa hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa ulgamynda türkmen-koreýa hyzmatdaşlygy

view-icon 546
Şu gün Prezident myhmanhanasynyň mejlisler zalynda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynda halkara tejribesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Ylymlar akademiýasy Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy bilen bilelikde guradylar.

Tegelek stol görnüşinde geçirilen maslahata Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýurdumyzyň dürli pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Koreýanyň howanyň üýtgemegi boýunça uýgunlaşyş merkeziniň, daşky gurşawy goramak institutynyň, daşky gurşaw ministrliginiň, bug gazlaryny hasaba almak we öwrenmek baradaky merkeziniň, ýangyç-energetika bazaryny ösdürmek baradaky toparyň wekillerinden düzülen we türkmen paýtagtyna gelen koreýa wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Çykyş edenler ykdysadyýetiň senagat ulgamlarynda iň täze ekologiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň tejribesi, howanyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda görülýän öňüni alyş çäreleri barada milli nutuklary hödürlediler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda çykyş edip, biziň ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini beýan etdi. Bu döredijilikli başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Munuň özi şol başlangyçlaryň örän derwaýysdygyna hem-de adamzadyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

--Biz dünýäniň howanyň düýpli üýtgemegi şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolandygyna düşünýäris. Munuň özi tutuş dünýä hojalyk işine özgertmeleri girizmegi talap edýär--diýip, duşuşyga gatnaşan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi An Mýong Su aýtdy. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň aýratyn nygtaýşy ýaly, şu gün Aşgabatda pikirdeşleriň netijeli duşuşygy geçirildi. Olar diňe bilelikdäki tagallalar bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip boljakdygyna ynanýarlar. Şunda geljegi uly ylmy işläp taýýarlamalary, şeýle hem dünýäde toplanan oňyn tejribäni, şol sanda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bu möhüm ulgamdaky tejribesini ulanmak möhümdir.

Maslahatyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-koreýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini, serişdeleri tygşytlaýjy “ýaşyl” tehnologiýalary, ilkinji nobatda, nebitgaz ulgamynda tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerini, tebigy serişdeleri netijeli ulanmak boýunça tejribe alyşmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen ylmy-tejribe gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.