Şu gün Ýosu şäherinde “EXPO-2012” Bütindünýä sergisiniň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň hökümet düzümleriniň jogapkär adamlary, öňdebaryjy koreý firmalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň we halkara guramalarynyň – dünýä möçberindäki serginiň eksponentleriniň, şol sanda türkmen toparynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň dünýä möçberindäki foruma ikinji gezek gatnaşandygyny bellemek gerek. “Janly umman we onuň kenarýakasy: baý serişdeleri netijeli peýdalanmak we durnukly ösüş” diýen şygar astynda geçen bu iri halkara sergisinde dünýäniň 104 ýurdunyň, halkara guramalarynyň 10-nyň, şol sanda BMG-niň, şeýle hem köp sanly kompaniýlaryň ekspozisiýalary görkezildi.
Biologik köpdürlüligi netijeli peýdalanmak we aýawly saklamak meseleleri
Türkmenistan üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda uly işler geçirilýär we degişli ulgamda oňyn tejribe toplandy. Türkmenistan ekologiýa babatda halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmegiň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmakda umumy kabul edilen tebigaty goraýyş ýörelgelerine we kadalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak giň gerimde amala aşyrylýar, ylmyň, innowasiýalaryň öňdebaryjy gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Häzirkizaman eýýamyň şanly wakalarynyň we döwürleriniň sanawynda ajaýyp tebigatymyzyň köpdürlüligini we gözelligini gorap saklajak, onuň baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagy üpjün etjek taslamalar ünsüňi özüne çekýär. Hususan-da, tutuş ýurdumyzy – Köpetdagynyň eteginden başlap Hazaryň kenaryna çenli bagy-bossanlyga büremegiň giň gerimli maksatnamasy bilen bir hatarda äzirkizaman we daşky gurşaw üçin howpsuz tehnologiýalary peýdalanmak bilen ynsanyň bähbidine türkmen tebigatynyň täsin künjegini özgertmegiň mysaly bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy hem üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “EXPO-2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ekspoisiýasyna gatnaşyajylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, dünýäniň ägirt uly giňişligine eýe bolan köp sanly döwletleriň gatnaşmagynda geçirilen Bütindünýä sergisi Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurulýan müňýyllygyň uly möçberli taslamasy bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri, türkmen tebigatynyň gözel künjeklerini, syýahatçylygyň uly mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda uly şert döretdi.
Biziň ýurdumyzyň bu köp ugurly sergä gatnaşmagy dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligi hem döretdi.
Meýdany 200 inedördül metrden gowrak bolan we Ýosunyň halkara sergiler toplumynyň çäginde amatly ýerleşdirilen Türkmenistanyň pawilony üç aýyň dowamynda bu iri forumda biziň ýurdumyzyň ýüzüniň aýnasyna öwrüldi. Türkmen sergisinde milli nusganyň alamatlary we häzirkizaman öňdebaryjy tehnologiýalar sazlaşykly utgaşdy. Sergini guraýjylar “deňiz” meselesini onuň etnografik äheňleri bilen üstüni ýetirip, türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny aýdyň şöhlelendirdiler.
Bu ýerde köp sanly myhmnalara we dünýä möçberindäki sergä gatnaşyjylara "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Döwlet balyk hojalygy kometiniň hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň ekspozisiýalary görkezildi. Türkmen sergisiniň meýdançalarynyň her biri bu ýere gelenlere biziň ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy we şu güni, onuň ykdysady üstünlikleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Serginiň dowam eden wagtynda türkmen meýdançalaryna milliona golaý adam gelip gördi.
Türkmenistan häzir dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Hut şu ýagdaýyň özi hem daşary ýurtlaryň köpüsiniň, şol sanda Koreýa Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge artýan gyzyklanmasyny öňünden kesgitleýär.
Eksponatlaryň arasynda şeýle hem täsin arheologik tapyndylar, ussat zergärleriň önümleri – zenanlaryň bezeg şaý-sepleri, türkmen gelin-gyzlarynyň zehini we ýadawsyz zähmeti bilen döredilen ajaýyp el halylary we beýlekiler görkezildi. Tematiki slaýdlar we wideo rolikler bu ýere gelenleri biziň ýurdumyzyň taryhy - medini ajaýyplyklary, onuň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen dünýä belli ýadygärlikleri bilen tanyşdyrdy.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan işewür toparlaryň wekilleri garaşsyz, bitarap Türkmenistan, onuň ykdysady we medeni kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljek üçin ösüşiň ileri tutulýan ugurlary hakynda zerur bolan maglumatlary almak mümkiçniligine eýe boldular.
“EXPO—2012” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde oňa gatnaşan ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň maýa goýum mümkiçnilikleri hakynda tanyşdyryş dabaralaryny geçirdiler.
Mälim bolşy ýaly, Ýosuda, 29-njy iýunda “EXPO—2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni yglan edildi, ol “Şatlygyň deňzi – döredijiligiň kenary!” diýen şygar astynda geçirildi.
Giň gerimli taslamany ösdürmegiň – Hazaryň kenarynda halkara derejesindäki şypahanany döretmegiň mümkinçilikleri serginiň esasy mowzugy boldy. Köp sanly myhmanlara Hazaryň bu täsin kenary, ekologik taýdan arassa künjegiň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Hut täze, häzirki zaman we “ýaşyl” tehnologiýalar giň gerimli milli taslamany amala aşyrmagyň zerur şertine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly maksat üçin “geljege ýollanma” öwrüldi.
Günsaýyn, ýylsaýyn deňiz tolkunlary ajaýyp altyn suwa düşülýän ýere yhlas bilen çäge topladylar we oňa adamlaryň mynasyp baha berjek wagty gelip ýetdi. Bu ýerleriň guwanjy köp sanly tebigy we taryhy ýadygärliklerdir, olar bu töwerege özboluşly etnografiki öwüşgini, türkmen halkynyň baý hem-de özboluşly däpleri bilen tanyşmaga mümkinçiligi üpjün etmek bilen şöhratlanýar.
Häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi sözüň doly manysynda Türkmenistanyň öz tebigy baýlyklaryna aýawly çemeleşip, tebigatyň gaýtalanmajak özboluşlylygyny peýdalanmak bilen, tebigatyňm bu künjegini tanalmaz derejede özgerdip, ägirt uly mümkinçilikleri bolan syýahatçylyk pudagyny üstünlikli ösdürýär.
Ine, şu gün, daşdan seredeniňde hem “Türkmenistan” diýen ýazgysý mese-mälim görünýän owadan bezelen sergi bölüminiň ýanynda “EXPO—2012-niň” işlemeginiň tamamlaýjy güni bu ýerde emele gelen adaty bolmadyk işjeň ýagdaý hem-de ajaýyp halylar düşelendigi bilen hem gyzyklanyp bu ýerik gelen köp sanly ýerli ýaşaýjylar we sergä gatnaşyjylar ýygnandylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan üç aýyň dowamynda Türkmenstanyň birnäçe pudaklarynda gazanylan netijeleri dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda tutanýerlilik görkezen ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerine diplomlaryň we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Biziň ýurdumyzyň ekspozisiýasyny guraýjylaryň öňünde bu bütindünýä gözden geçirilişiniň esasy taglymyny beýan etmek hem-de “EXPO—2012-de” berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň aýdyň täsir galdyryjy keşbini döretmek ýaly çynlakaý wezipe durýardy. Şu gün bolsa biziň ýurdumyzyň sergidäki bölümi öz wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi diýip aýdyp bolar. Ol bu sergide iň oňat bölümleriň biri diýip hasap edildi we bu degişli diplom bilen tassyklanyldy.
Ýosu şäherinde geçirilen bütin dünýä sergisi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ekologiýa meselelerine çekmek, bütin dünýäniň ykdysady, ylmy, tehnologiýa we medeni gazananlary bilen tanyşmak üçin örän amatly mümkinçilik bolup, taryhy tejribäni özleşdirmek üçin özboluşly binýat hökmünde innowasiýa taglymlaryny alyşmagyň hem-de adamlaryň birleşmeginiň guraly bolup hyzmat edýär. “EXPO—2012” bütindünýä sergisi tamamlananda oňa gatnaşyjy ýurtlar Dünýä ummanyny goramak we onuň ekologiýa arassaçylygyny saklamak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny jebisleşdirmek işinde uly ähmiýete eýe boljak Jarnamany kabul etdiler.
Serginiň ýapylyş dabarasynda guramaçylyk komitetiniň başlygy jenap Kang Dong Su bu ýere ýygnananlary serginiň işiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, bu bütindünýä gözden geçirilişiniň şunuň ýaly sergileriň taryhynda möhüm sepgit boljakdygyna ynam bildirdi. Sergide oňa gatnaşyjylaryň iň gyzykly hem-de uzak möhletlere gönükdirilen teklipleri jemlendi.
“EXPO—2012” köpugurly bütindünýä sergisine uzakmöhletleýinlik nukdaýnazaryndan baha bermek bilen harytlary öndürmek we hyzmat etmek ulgamynda senagat jemgyýeti diýlip atlandyrylan eýýamyň ýerine ählumumy “ykdysady bilimler” dien täze jemgyýet—medeni, ruhy mirasy, ekologiýany, bilimi we ylmy ösdürmegi özüne baş ýörelge edinjek täze jemgyýet gelýär diýip, aýdyp bolar. Türkmenistan bilermenleriň köpüsiniň pikiri boýunça bu meseleleri çözmekde oňyn tejribe toplady. Bu tejribe bolsa dünýäniň köp ýurtlaryna peýdaly bolup biler.
“EXPO—2012-niň” geçirilmeginiň çäklerinde türkmenn ekspozisiýasynyň guramaçylarynyň täze sergi tehnologiýalary, maglumatlary hödürlemegiň we giň köpçülige ýetirmegiň iň täze usullary, işewür duşuşyklary geçirmegiň maksatnamasyny düzmegiň tärlerini özleşdirendikleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistan Bütindünýä sergisine indi ikinji gezek gatnaşmak bilen, halkara sergi işleriniň peýdaly tejribesini toplap, gazanylan üstünlikler bilen kanagatlanman, 2015-nji ýylda Milanda geçiriljek azyk we energetika ýaly umumyadamzat meselelerine bagyşlanjak Bütindünýä sergisine taýýarlanýar.
“EXPO—2012” sergisiniň ýapylyş dabarasynyň resmi bölegi tamamlanandan soň, wakalar şol gün agşam öz zallaryna müňlerçe tomaşaçylary we hormatly myhmanlary, diplomatlary, durli ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny, belli işewürleri we sergä gatnaşyjylary ýygnan ägirt uly amfiteatrda dowam etdirildi. Bu ýede dünýäniň dürli döwletleriniň wekillerini Koreýa Respublikasynyň meşhur sungat usatlary ägirt şüweleň bilen mübäreklediler.
Şüweleň sahnasynda “EXPO—2012-niň” ýüregi diýlip atlandyrylan, şeýle hem onuň esasy nyşany bolan “Big O-nyň” peýda bolmagy täsir galdyryjy waka boldy. “Ocean” sözüniň birinji harpy bolan latyn elipbiýniň “O” harpyny alamatlandyrýan 43 metrlik beýiklikdäki ägirt uly tegelek, şeýle hem “0” sany deňiz dünýäsine has çuňňur göz ýetirmek arkaly adamzadyň täze ösüş sepgidini aňladýar.
Aklyňy haýran galdyrýan deňiz görnüşleriniň äheňinde ýaýbaňlandyrylan multimediýa şüweleňi, şeýle hem dürli çüwdürimleriň şüweleňi çykyşyň özenine öwrüldi. “O” harpynyň içinde widerolikler görkezilýär, ekranlaryň jäheklenmesi bolsa suw çüwdürilmegi, duman tutmagy ýaly üýtgeşik täsirleri döredýär.
Ýosu şäheriniň asmanyny dürli reňkler bilen bezän feýerwerkler bu ýerde guralan baýramçylygyň iň bir tolgundyryjy pursaty boldy. Iň täze sahna usulyýetleri ulanylyp, deňiz görnüşleriniň ýatdan çykmajak şekilleri äheňinde guralan şüweleňler örän täsirli boldy.
Serginiň Türkmenistan bölüminiň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.