Ï BMG-niň BÝKM-niň sebitleýin wekiliniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň BÝKM-niň sebitleýin wekiliniň sapary

view-icon 634
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili, türkmen paýtagtynda saparda bolýan jenap Saber Azam bilen duşuşyk boldy.

Gumanitar ulgamda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň we BMG-niň bu abraýly müdirligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar ulgamynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen biziň ýurdumyz ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Halkara şertnamalarynyň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ençemesine goşulmak bilen, türkmen döwleti öz üstüne alan ähli borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, degişli halkara kadalaryny we maslahatlaryny milli kanunçylyk-hukuk binýadyna ornaşdyrýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan täze kadalaşdyryjy-hukuk

namalarynyň, şol sanda “Raýatsyzlygy azaltmak babatda konwensiýa goşulmak hakynda” kararyň tassyklanylmagy türkmen döwletiniň giň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydygynyň we häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmäge bilelikdäki çemeleşmäniň ýene bir aýdyň mysaly bolup durýar.

BMG BÝKM-niň wekili öz gezeginde Türkmenistanda amala aşyrylýan, türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleri giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere, şeýle hem türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berip, Türkmenistan-BÝKM ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly islegiň bardygyny beýan etdi.

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili jenap Saber Azam şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.