Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek daşary işler ministrlikleriniň geňeşmesi bolup geçdi, oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Özbegistan Respublikasynyň wekilçilikli topary geldi, oňa bu dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Komil Raşidow ýolbaşçylyk edýär.
Birek-birege duşunişmek we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň gün tertibine dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan we netijeli, özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgeler boýunça guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine degişli meseleler goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, däbe öwrülen türkmen-özbek döwletara gepleşigine soňky ýyllarda täzeden badalga berlip, onuň sazlaşykly ösüşe eýe bolup durýandygy belenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli ýagdaýda geçirilmegi, şeýle hem dürli derejede, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklaryň giňelmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär, bu bolsa, netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge degerli ýardam berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň netijeli syýasy gepleşigiň geçirilmegine ygrarlydygyny tassyklap, taraplaryň döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini bellediler.
Ozal baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna degişli meseleler boýunça pikir alyşmagyň barşynda, ykdysady ulgam, energetika, ulag-kommunikasion pudak we örän amatly mümkinçiliklere eýe bolup durýan beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly ýagdaýlaryň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň möhüm ähmiýete eýe bolup, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýagdaýda ösdürmegiň we häzirki döwre mahsus ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly ony diwersifikasiýa etmegiň täsirli mehanizmine öwrülmelidigi bellenildi.
Gumanitar ugruň döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna söz ýok. Şonuň bilen baglylykda, gepleşiklere gatnaşyjylar şu ulgamda Türkmenistanyň Özbegistanyň doganlyk halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen bitewiligine esaslanyp, däbe öwrülen gatnaşyklaryň berkidilmelidigini we giňeldilmelidigini aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hoşmeýillilige, köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan tejribä, goňşy iki ýurduň umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklerinden has oňaýly peýdalanmagy maksat edinmegine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň geljekde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.