Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyk

view-icon 598
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Täjigistanyň Prezidentiniň syýasy meselelere boýunça geňeşçisi jenap Zafar Saýydowyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlardaky döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşlydy.

Täjigistan Respublikasyynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana şu hepdede boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk gürrüňdeşligiň esasyny düzdi. Bellenilişi ýaly, Täjisgitanda ýokary derejede geçiriljek Aşgabat duşuşygyna döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň hem-de ony hemmetaraplayn ösdürmegiň, iki doganlyk ýurduň halklaryny asyrlar boýy baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ýolundaky möhüm tapgyr hökmünde baha berilýär.

Uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda ýola goýulýan däp bolan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň yzygilerli ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kadalaşdyryş-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine ikitataplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.

Ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleriň bardygy bellenilip, munuň özi Orta Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhüm ugrudyr diýlip aýdyldy.

Duşuşyga Täjigistan Respublikasyynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýaly ilçisi Abdurahym Aşur gatnaşdy.