Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Energetika boýunça baş müdirliginiň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji jenap Žan- Arnold Winuanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň birinji gününde Türkmenistanyň Hökümetinde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlyşyldy.
Bellenilişi ýaly, bu möhüm ugurdaky özara gatnaşyklary giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar EB agza ýurtlaryň energiýa serişdelerine bolan yzygiderli ösýän isleglerini hem-de köp ugurly turba geçirijiler düzüminiň döredilmegini meýilleşdirýän Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirdi.
Jenap Žan-Arnold Winuanyň belleýşi ýaly, Ýewropada bu öňdengörüjilikli strategiýa, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň döredilmegini öňe sürýän halkara başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara energetika giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň ygtybarly hem-de berk hukuk esaslaryny kemala getirmek boýunça bilelikdäki işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň maýynda şeýle ýörelgelere badalga berildi. Şonda Türkmenistan we EB energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakyndaky ýörite Ähtnama gol çekdiler. Ol umumydünýä ähmiýetli uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň täze—Ýewropa ugruny kesgitledi.
Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa eltmegi üpjün edýän usulyň işlenip taýýarlanmagyna bolan ikitaraplaýyn taýýarlyk Ýewrokomissiýanyň başlygy Žoze Manuel Barrozunyň Türkmenistana 2011-nji ýylyň ýanwarynda bolan resmi sapary mahalynda tassyklandy. Ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli hukuk binýady kemala getirmek, energetika pudagyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we şertlerini kesgitlemek maksady bilen, ýokary derejedäki iş topary döredildi. Onuň hataryna ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň hökümetleriniň resmi wekilleri girdi. Häzirki döwre çenli şol toparyň çäklerinde gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi.
Türkmenistan bilen EB-niň gatnaşyklarynyň oňyn ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belläp, duşuşyga gatnaşyjylar ilkibaşda deňlik, uzakmöhletleýin, özara peýda we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Energetika boýunça baş müdirliginiň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji jenap Žan-Arnold Winuanyň ýolbaşçylygyndaky EB-niň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

* * *